BAGLARYŇ SAGLYGA TÄSIRI
26-12-25
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa meseleleri boýunça umum adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň abraýly münberinde beýan eden ekologiýany gowulandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ähli halk goldawyna eýe bolandygyna begenjimiziň çägi ýok. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ajaýyp seýilgähleriň we tokaýlaryň meýdany barha giňelýär. Saýaly, miweli agaçlaryň ekilmegi netijesinde güneşli Diýarymyz ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýär.
Häzirki döwürde bütin Ýer ýüzünde ekologiýa meseleleriniň iň esasylarynyň biri atmosfera howasynyň zyýanly gazlardyr dürli tüsseler bilen hapalanmagydyr. Ol hem adamyň hojalyk işiniň netijesinde emele gelýän galyndylaryň daşky gurşawa zyňylmagy bilen ýüze çykýar. Aýratyn hem iri zawod-fabrikleriň, energetika toplumlarynyň hem-de ulag ulgamynyň atmosfera goýberýän zyýanly tüsseleri biziň dem alýan howamyzy hapalaýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda täze gurulýan we öňden bar bolan senagat kärhanalarynyň durky täzelenende, olarda dünýäniň iň öňdebaryjy, kämil, häzirki zaman tehnologiýalary we arassalaýyş desgalary oturdylýar. Ol ýokary hilli önüm öndürmek bilen çäklenmän, daşky gurşawa çykarylýan zyňyndynyň mukdaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär.
Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriniň biride baglaryň ekologik ähmiýetidir. Olar fotosintez hadysasyny geçirýärler, atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyryp, kömürturşy gazynyň hemişelik mukdaryny saklaýarlar.Ýene-de agaçlar howany dürli zäherli gazlardyr, tozandan arassalap, şol ýeriň mikroklimatyna täsir edýär.Ylmy maglumatlara görä, baglar sesiň 25 desibelini özüne siňdirip, 75 göterimini yzyna serpikdirýär. 1 ga agaç tokaýlygy howanyň 18 million kubmetrini dürli hapa galyndylardan arassalaýar. 1 düýp agaç bir günüň dowamynda 1 kg tozany özüne siňdirýär ýa-da bir gije-gündizde 300 kg golaý suwy bugartmaga ukyplydyr. Uzak ýaşan bir agaç 2,5 kg kömürturşy gazy sorup, 1,7 kg kislorody tebigata bölüp çykarýar, ol bölünip çykan kislorod 64 adamyň bir günde dem almagyny üpjün edýär.
Miweli we saýaly baglaryň bar ýerinde topraga ýel we suw eroziýasynyň sezewar bolmak howpy abanmaýar. Bag ekilen ýeriň mikroklimaty saglyk üçin örän peýdalydyr. Olar çägäniň süýşmeginiň öňüni almak bilen ýeliň güýjüni hem peseldýär. Ondan başga-da ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda tut zolagynyň döredilmegi has ähmiýetlidir. Suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrýar, sebäbi tut agajy biologik zeýkeş hökmünde ekin meýdanlarynda ýerasty suwuň derejesini howpsuz ýagdaýda saklaýar, ýel we suw eroziýasyndan goraýar, açyk zeýkeşleriň tutýan meýdanyny azaldýar. Ol hem suwarymly ýerleriň peýdaly ulanyş koeffisiýentini ýokarlandyrýar. Ekin meýdanlarynyň gyralaryndaky tut agaçlary ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmekde, ýüpek gurçugyny idetmekde hem ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baglara ideg etmäge, agaç nahallaryny oturtmaga uly üns berilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde müňlerçe miweli, saýaly, bezeg agaçlary ekilýär, bar bolan baglar timarlanýar.
Her ýylda iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi, diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň saglygy, rahatlygy babatda ähmiýetli bolman, daş-töweregiň gülzarlygyny, topragyň, howanyň arassalygyny, tebigatyň gözelleşmegini, bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak işlerdir.
Tebigaty, daşky gurşawy, ösümlik-haýwanat dünýäsini goramak, ekologik syýasatyny giňden ýaýbaňlandyrýan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Berkararlyk, bagtyýarlyk aýdymyn,
Aýdyp öňe barýar bu gün Diýarym,
Şowhuna beslenýär her günüm, aýym,
Bu meniň Watanym Türkmenistanym,
Jenneti mekanym bagy-bossanym.
Jümagül AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.