«Sanly çözgüt - 2022» atly innowasion taslamalary bäsleşigi täze sanly çözgütleri ýüze çykarýar
07-11-22
«Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalar bäsleşigi, eýýäm däp bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we täze intellektual pikirleri ýurdumyzyň önümçiligine ornaşdyrmak maksady bilen her ýylda geçirilýär.
Bu ýyl hem, «Sanly çözgüt - 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşigine ýurdumyzyň 250-ä golaý talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle-de tehnologik özgertmeler bilen içgin gyzyklanýan höwesjeňleriň ýüzlerçesi özleriniň taslama işleri bilen gatnaşýarlar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda bäsleşigiň saýlama tapgyry ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edara-kärhanalarynyň hormatly myhmanlarynyň eminlik etmeginde gyzgalaňly dowam etdi.
Ýaşlaryň programma üpjünçilikleri durmuş-ykdysady ugurlaryň aňsatlaşdyrylmagy, innowasion sanly tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan tehniki çözgütleriň ygtybarlylygy, ulanyjy interfeýsleriniň amatlylygy, IT taslamasyny köpeltmek mümkinçiligi, özboluşlylygy, elýeterliligi, hili we dizaýny boýunça gözden geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden düzülen eminler topary, ýakyn günlerde «Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin ahyrky netijäni yglan ederler.
«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň söwda we senagaty edarasynda noýabr aýynyň 10-11-i aralyk geçiriljek «Türkmentel – 2022» atly IX halkara sergi we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňiji bolan ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistanda 1-nji sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy badalga alar. Bu çäre esaslandyrylan gününden bäri eýýäm on ikinji gezek geçiriler.
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär
Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.