Bilimli ýaşlar — Watanyň guwanjy

25-01-26

Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar aýratyn orny eýeleýär. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem ýaşlar syýasatynyň täzeçe röwüşde dabaralanýan ýylydygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi, ýaşlarymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen möhüm çözgütleriň durmuşa geçirilmeginde taýsyz tagallalary edip, ajaýyp başlangyçlaryň amala aşyrylmagy üçin her bir işi maslahatly, geňeşli çözmegi indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda ertelerimiziň nurana, geljegimiziň ýagty boljakdygyna ynamymyz has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler, durmuşa ornaşdyrylýan halk bähbitli Kararlar ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijelerini synlanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulan taglymatdygyna doly göz ýetirýäris. Bu taglymatyň aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — watansöýüjiligi, ahlak arassalygyny, ruhubelentligi terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýan taglymatdygy guwandyryjy hakykatdyr.

Hawa, eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ähli amatlyklar döredilen çagalar baglary, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap desgalary ýylyň-ýylyna yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Okamak, bilim almak bilen bir hatarda, ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda häzirki zaman sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri olaryň hyzmatynda. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanýan, eşretli zamandan ruhlanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylan ösüşleri häzirki wagtda ýaşlaryň gazanjak üstünliklerine badalga bolup hyzmat edýär. Muny ýaşlarymyz her ädimde duýup ýaşaýarlar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geljeginiň ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hakyndaky düşünjeleriň özeninde hem çuňňur many-mazmun bardyr. Goý, halkymyzyň şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaşamagy, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Zakirjan HOJAMBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.