Aýdyň ösüşlerde ýaşlaryň orny
06-12-25
Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly bolmagy, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli syýasy we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip berkidilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň möhüm häsiýetini alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde-de, milli kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Zähmet kodeksiniň, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.
Ylym we innowasiýalar çygrynda ýaşlara döwlet goldawyny bermek degişli Maksatnamanyň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Olardan ylym, tehnika, tehnologiýalar babatda zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak, milli kanunçylyga laýyklykda, ýaş alymlar üçin döwlet grantlaryny bermek, geljegi uly bolan ylmy barlaglary alyp barýan ýaş alymlar üçin ýeňillikli maliýe we maddy şertleri döretmek, şeýle-de ýaş alymlaryň innowasiýa işi üçin döwletiň eýeçiligindäki maddy serişdeleri şertnamalaýyn esasda olaryň ygtyýaryna bermek ýaly ugurlar aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagyna, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar barada amala aşyrýan syýasaty möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, olary hemmetaraplaýyn goldamagyň, hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Her ýyl Ylymlar gününe gabatlanyp, ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu ylmy bäsleşigiň ýeňijileriniň gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagy zehinli ýaşlary ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has tutumly işlere höweslendirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi hereket edýär. Bu merkeziň döredilmegi ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagynda, ýurdumyzda zehinli, ylma höwesli ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ylmy döwrebaplaşdyrmagyň we bu ugurda ýaşlary goldamagyň hem-de höweslendirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň öňdebaryjy tehnologiýalara kämil erk edip bilmekleri babatynda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ulgamlaýyn berkidilýändigi, ýaşlaryň iň kämil tehniki serişdelerden, internet torundan peýdalanmaklaryna giň ýol açylýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Döredilýän mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bilimiň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler.
Ýurdumyzda ýaşlaryň öz hukuklaryny amala aşyrmaklary we jemgyýetçilik işlerine işjeň goşulyşmaklary üçin zerur bolan mümkinçiliklerdir oňyn şertler umumy durmuş-ykdysady ösüşlerde şöhlelenýär. Innowasiýalary höwesli özleşdirýän, täzeçe pikirlenýän ýaşlary kemala getirmäge orta, ýörite orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we şol şertleriň esasynda dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli bilim bermek olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz bu syýasaty has-da dabaralandyryp, türkmen ýaşlaryna eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde uly ynam bildirýär. Bagtyýar ýaşlarymyz bolsa okamak, öwrenmek, döretmek, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak arkaly bildirilen ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Şol bäsleşiklere ýaş talyplar şonuň bilen bir hatarda ussat ýaş zehinli mugallymlar şeýle hem, halypa mugallymlar hem gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň sylaglaryna mynasyp bolýarlar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada amala aşyrýan syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýetiň kemala getirilmegi ýaş nesliň berk bedenli, ýokary aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin zerur şertleri döredýär.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyñ okuw bölüminiň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.