HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI

04-12-25

BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Geçen döwürde parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleri gazanyp, halkara giňişliginde kuwwatly ykdysadyýetli we durmuş düzümli, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny pugtalandyrdy hem-de Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy we abraýly agzasy hökmünde ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Dünýäniň syýasy giňişliginde gazanýan üstünlikleri we köp ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletimiziň oňyn tejribesine, ilkinji nobatda, bitaraplyk derejesine hem-de Öňüni alyş diplomatiýasyna gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri halkara forumlarynyň belent münberlerinden öňe sürýän işjeň başlangyçlary Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin umumy ugurlarda bar bolan giň mümkinçilikleri bilelikde peýdalanmaga çemeleşmeleriniň döredijilikli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi halkara maslahatynyň dowamynda tassyklanyldy. Oňa gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasy, Bitaraplygy halkara giňişliginde tassyklanan hukuk derejesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy bähbitler esasynda parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň netijesidir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi dünýäde durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly orna eýediginiň ählumumy ykrarnamasydyr. Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Bu gün türkmen diplomatiýasy Milletler Bileleşigi üçin gapma garşylyklaryň öňüni almak hem-de kadalaşdyrmak, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça parahatçylygy pugtalandyrmak işinde ygtybarly,işjeň we hemişelik hyzmatdaş bolup durýar. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm şerti hökmünde sebitleýin howpsuzlygyň esasy binýady bolup durýar.

Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty dünýä halklarynyň parahat, abadan, asuda ýaşamagyny üpjün edilmeginden ugur alýar. Dünýä ähmiýetli meseleleri taraplara bähbitli çözmek ýörelgesinden ugur alyp, ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukugyny berkidip, asylly maksatlaryna ygrarly bolup gelýär. Bu aýdylanlar döwletimiziň içeri syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzda iň uly baýlyk adam diýen ýörelgeden ugur alnyp, durmuşa geçirilýän her bir işleriň köki damarynda adam mertebesi goýlandyr. Jemgyýetiň sazlaşykly, parahat, asuda, abadan şertlerde ösmegi üçin döwletiň halk hakyndaky ýöredýän ynsanperwer ýörelgesi möhümligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özüniň hakyky manysynda sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär. Şeýle ösüşler, özgerişler milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasy bilen gazanylýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Baýnazar ABDALOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.