Sanly ykdysadyýet we geljegiň bäsleşik ukyplylygy
23-09-26
Gahryman Arkadagymyzyň we bu asylly işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy maksady Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitlemekden, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli işleýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesidir. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň jemi içerki önüminde bu ulgamyň goşandyny artdyrmakda, ilkinji nobatda, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda “sanly tapawudy” aradan aýyrmak möhüm wezipedir.
Sanly ulgama geçmekde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” örän uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýa bilim maglumat gurşawyny döretmäge hem-de bilimiň ähli basgançaklaryny elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek uly ähmiýete eýedir.
Bilim ulgamy bilen birlikde, kitaphanalary sanlylaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda kitaplar elektron göterijilerde hem-de onlaýn düzgüninde elýeterli bolup, kompýuteriň ýa-da ykjam telefonlaryň üsti bilen kitaphana girip, gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Munuň özi okyja gerekli maglumaty çalt tapmaga, onuň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu işleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda uly işler alnyp barylýar. Olar bir bütewi elektron kitaphana ulgamyna birleşdirilip, elektron kitap gaznasy yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem uly işler alnyp barlyp, olaryň kitap gorlary elektron görnüşe geçirilýär.
Sanly ykdysadyýete geçmekde elektron serişdeleriniň, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň uly ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Şonuň üçin-de ilatyň, esasan-da ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmek möhüm wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde birinji synpa barýan okuwçylara kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaşlaryň täze tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna oňyn täsir edýär.
Sanly ykdysadyýetiň dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornunyň barha artýan häzirki zaman tehnologik ösüş meýilleri işewürlige täze mümkinçilikleri açýar, sanly önümçilige geçilmegi bolsa täze pudaklary döretmäge amatly şert bolýar. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny we döwletiň elektron hyzmatdaşlygyna doly taýýarlyk derejesini üpjün etmek sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir.
Diýarymyzda ösen tehnologiýalaryň önümçiligini ýola goýmak babatda uly tagallalar edilýär. Bu işleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary netijesinde elektron senagatyň ösdürilýändigini bellemelidiris. Bu ugurdan «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly ykdysadyýet — hasaplaşyklaryň, pul dolanyşygy bilen bagly amallaryň we oňa degişli maglumatlaryň kompýuterleriň, bütindünýä maglumat torunyň kömegi bilen hereketi we onuň dolandyrylmagydyr. Sanly ykdysadyýete geçmek işi täze mümkinçilikleriň açylmagydyr. Ol edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar.
Sanly ykdysadyýete geçmegiň birnäçe bähbidi we adaty ykdysadyýetden artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esaslary zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygynyň has-da kämilleşmegine, edaralaryň, kärhanalaryň degişli önümçilik we hojalyk çykdajylarynyň azalmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär.
Häzir ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmekde, önümçiligi ylmy esasda milli we dünýä tejribesinde, maksatnamalaýyn ösdürmekde tutumly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da, önümçilikde ylmyň gazananlary we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.
Islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň artmagy, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleri doly peýdalanylýar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň täze kärhanalary döredilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlaryň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrýar. Şunuň bilen birlikde, täze iş orunlary döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ylym-bilim ulgamy hem halkara ülňülerinde düýpgöter özgerdildi. Häzir hünär derejeli orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary hereket edýär. Munuň özi her bir talyba, mugallyma şahsy saýty bilen portala girip, islendik maglumatlary örän gysga wagtda almaga, gerek bolsa uzak aralyklara ugratmaga ýardam berýär.
Biz, ýaşlara bilim almaga, sapaklary uzak aralyklardan guramaga, dünýäniň döwletleriniň meşhur bilim ojaklary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýsona MEREDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.