TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ DÜNÝÄ SYÝASATYNDAKY ÄHMIÝETI
04-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgä esaslanýan, parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraý-mertebesi has-da pugtalandy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem halkara derejesinde ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 47 sany iri halkara guramasynyň agzasy bolup durýar, şeýle hem dünýäniň 146 sany döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.
Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynda, diplomatik gatnaşyklarynyň çäginde ählumumy parahatçylyga we sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr. Bitarap Türkmenistanyň çägi sebitleýin gün tertibiniň birnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin merkez hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.
2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi hem-de merkeziň alyp barýan işi halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Bu işleriň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan yzygiderli ösüş depginli we täzeçillik häsiýetli daşary syýasat strategiýasy türkmen döwletiniň halkara abraýynyň gyşarnyksyz pugtalanmagynda sebit we global geosyýasat boýunça onuň tutýan ornunyň we abraýynyň has-da artmagyna getirýär.
Asyrlaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmuşynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr. Garasşyzlygymyzy gazanmak bilen, biziň ýurdumyz bu düşünjäni daşary syýasatyň anyk ugruna öwürdi hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugurlary saýlap aldy. Biz bu ugurda ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklamalarymyzyň özenini düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.
Türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öz gözbaşyny ençeme asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy hem-de halkymyzyň baý mirasyna we milli däp-dessurlaryna esaslanýandygy mälimdir. Ýurdumyzda Birinji Hazar ykdysady forumynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitlerinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda eden çykyşlary halkymyzyň häzirki zaman gazananlarynyň we özboluşly däpleriniň, onuň medeni mirasynyň, yzygiderli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga tarap ýörelgäniň jemlenen keşbine öwrülýändigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak, halkara giňişliginde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak ugrundaky işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.