Tebigy goraghanalar – milli buýsanjymyz
15-09-24
Türkmenistanyň goraghanalary ýurdumyzyň milli buýsanjydyr, olarda ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy jemlenendir. Olar haýwanat, ösümlik dünýäsini goramak, dikeltmek, şeýle hem öz öňünde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin amaly maslahatlary işläp taýýarlamak maksady bilen ylmy-barlag we synag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararynyň esasynda guralýar.
Bathyz döwlet goraghanasy Türkmenistanyň Günortasynda Eýran we Owganystan bilen araçägiň golaýynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Bu ülkäniň gözel we gazaply tebigatynyň we Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde saklanyp galan bary-ýogy 150 sany gulan-onagranyň ýeke-täk populýasiýasynyň bolmagy, hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý we dürli görnüşlerini saklamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmeklik tutanýerligi talap edipdi.
Professor Rozanow gulanlary goramak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan, Bathyzyň bütin tebigy toplumy hakynda goraghana döretmek barada maglumat taýýarlaýar we Türkmenistanyň hökümetine gowşurýar. 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär.
Bathyz goraghanasynda başga-da seýrek, gymmatly haýwanlar we ösümlikler goralyp saklanýar, olaryň köpüsi başga hiç ýerde duş gelmeýär. Ýewroaziýanyň hiç ýerinde Bathyz goraghanasynda goralyp saklanýanlara meňzeş tebigy toplumlaryň ýoklugy sebäpli, ol 2000-nji ýylyň başynda doly esasda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna girizildi we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni hem tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlendi.
Goraghana 87680 gektar meýdany eýeläýär. Şonuň ýaly-da onuň garamagynda üç sany zakaznik bar: Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar. Goraghanada, ýer üstüniň pisse tokaýlygy, çöllük sähra, akymsyz çöketlikler diýilýän, şertli atlar dakylan dürli keşpleriň üç görnüşini tapawutlandyrýarlar.
Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy gorap saklamak ugrunda mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gunça ÖMÜRSÖÝÜNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.