At — ýigidiň ýoldaşy
05-01-26
Her ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kabul etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň ady halkymyzyň arzuw-umytlaryny, köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryny özünde jemleýär. Bedew at — türkmen halkynyň buýsanjy, ösüşleriň we belent maksatlaryň nyşany hökmünde täze ýylyň şygarynda mynasyp orun aldy.
Gadymy döwürlerden bäri türkmenler ahalteke atlaryny özlerine abraý we buýsanç saýyp, ony hormatlanýan ömür ýoldaşy hasaplapdyrlar. Taryhy ylymlaryň we hünärmenleriň kesgitlemegine görä, ahalteke tohum atlary öz gözbaşyny gadymy ata-babalarymyzyň döwründen alyp gaýdýarlar. Müňlerçe ýyllardan bäri türkmen öz durmuşyny at bilen üznüksiz baglap gelýär. Ahalteke tohumy ençeme döwürlerden bäri özleşdirilip gelinýär. Ahalteke atlaryny özleriniň iň seýrek duş gelýän owadanlygy, ýyndamlygy, gözelligi boýunça janly sungat eseri hasaplap bolar.
At türkmen üçin öňden maşgalanyň bir agzasy hasaplanypdyr. Ahalteke tohumynyň esasy aýratynlygy onuň düşbi garaýşy bilen tapawutlanýar. Halk arasynda “At eýesiniň gözünden okaýar” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu häsiýet bilen bedewler, esasan, söweşde çapyksuwaryň pikirini duýupdyr we ony duşmandan halas edipdir. Türkmenler hemişe atlarynyň iň bir duýdansyz pursatlarda, eýesiniň ýaraly ýatan wagty hem ýanynda boljagyny we kömege geljegini bilipdirler. Şol sebäpli bedew türkmen üçin ähli baýlykdan ýokarda bolupdyr. Muňa mysal hökmünde şeýle hakykaty getirmek bolar.
Hywa hanlygyny basyp alandan soňra, patyşa hökümeti şol ýerde ýaşaýan türkmen taýpalaryna uly salgytlar salypdyr. Tölegleriň bahasynyň aşa köpdügini göz öňünde tutup, patyşalygyň wekilleri öý guşlary, dowar, ownuk mallar bilen hasaplaşmaga ilata rugsat beripdirler. Sebäbi patyşa esgerleri ahalteke atlarynyň eýesi bolmagy isläp, şeýle tölege rugsat beripdirler. Ýöne türkmenler bar bolan ähli pullaryny, öý haýwanlaryny, altyn-kümüş şaý-seplerini beripdirler, emma garyplykda, galsalar hem, olar ahalteke atlarynyň birini hem bermändirler.
Halk içinde “Atyňy ýitirmek — abraýyňy ýitirmek” ýaly parasatly jümle türkmen üçin atyň hemme zatdan gymmatlydygyny aňladýar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, döwlet Tugramyzyň merkezinde ahalteke atynyň şekili ýerleşdirildi. Tugramyzda ýerleşdirilen Ýanardag atly ahalteke bedewi 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen Birinji Dünýä Çempionatynda ýeňiji bolmak bilen, türkmen bedewiniň şan-şöhratyny has arşa galdyrdy.
Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy şöhratly taryhymyzdan şu günlerimize ýeten, milli buýsanjymyza öwrülen bedew atlarymyza beýik sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň esaslary pugtalandyrylýar, ykdysady kuwwat ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli gowulanýar. «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen şygarlar döwlet syýasatynyň esasy mazmunyny kesgitleýär.
Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bolan 2026-njy ýyl halkymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belläp geçer. Bu şanly sene agzybirligiň, buýsanjyň we täze üstünlikleriň baýramy bolar. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.