Sanly tehnologiýalar — durnukly ösüşiň girewi
29-04-25
Ata Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, özgermegi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda düýpli işleriň alnyp barylmagy, giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ykdysadyýetiň eksport ugruny ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Munuň bilen baglylykda durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýet — sanly tehnologiýalara esaslanýan, telekeçileriň sanly hyzmatlar hem-de sanly önümçilik bilen baglanyşykly alyp barýan ykdysady işi bolup, şol bir wagtyň özünde sanly tehnologiýalar dolandyryş işiniň netijeliligini artdyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda wajyp orun eýeleýändir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” esasynda onlaýn söwda, maliýe, internet hyzmatlary, sanly bilim, lukmanlar bilen onlaýn bejergi ýa-da maslahat almak mümkinçiligi döredilýär. Ýurdumyzyň köpugurly ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasynda ösüşiň ösüş ýoluna düşen çykan ulgamlar baradaky milli Liderimiziň şu ajaýyp sözleri hem ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň derwaýyslygyny doly derejede görkezýär: «Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris”.
Hakykatdan hem, üç tapgyrda amala aşyrylmagy göz özünde tutulan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň ykdysadyýetine dünýä bilen aýakdaş gitmegine, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge we ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik döreder. Galyberse-de, sanly tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady işe gatnaşyjylaryň, ýagny kärhanalaryň, edaralaryň we adamlaryň gatnaşyklaryny tizleşdirmäge, wagty tygşytlamaga hem-de maglumatlaryň goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalardyr maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar, raýatlarymyzyň ylym-bilim, ukyp-başarnyklaryny doly derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasynyň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde döwlet hyzmatlarynyň bütewi portalynyň döredilmegini belläp bileris. Bu “e.gov.tm” portalynda ýurdumyzyň her bir raýaty döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleri babatda maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp biler. Bu bolsa, ilki bilen, bagtyýar raýatlarymyza hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, elýeterliligini artdyrmaga, milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky asylly başlangyçlaryň miwelerinden datmaga mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň esasynda durmuşa geçirilýän işler halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge şert döredýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze hyzmatlar girizilýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäniň esasy ykdysady ugurlarynyň merkezinde ýerleşýär. Taryhyň dürli döwürlerinde dünýä döwletleriniň ösüşiniň esasy hereketlendirijisi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň ýurdumyzyň üstünden geçmeginiň esasynda halkymyzda hoşniýetli, dostlukly, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ykdysady gatnaşyklary alyp barmagyň tejribesi toplanypdyr. Bu babatda ýurdumyzyň ykdysadyýetine wajyp orun eýeleýän ulag-kommunikasiýa toplumyna uly orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýalary pudagyny ösdürmek, pudakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri bolsa milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda edara-kärhanalara halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi, hyzmatlaryň elektron ulgama geçirilmegi halka hyzmat etmek işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Şonuň netijesinde hem häzirki wagtda ýurdumyz dünýä ösüşine has işjeň goşulyşýar. Adamzat taryhynyň häzirki globallaşma döwri adamlaryň arasyndaky araçäkleriň uzaklygyna garamazdan, özara baglanyşygy üpjün etmegiň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu gatnaşyklar jemgyýetde maglumatlaryň alyş-çalşygyna ýardam edýän tehnologiýalaryň ösüşiniň möçberi we depgini boýunça üpjün edilýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti barha kämilleşýär, durmuşa geçirilýän özgertmeler ata Watanymyzyň kuwwatlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleriniň netijesinde sanlylaşdyrmakda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Belent arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, rowaçlyklaryň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň mizemez binýatlaryny döretmekde uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.