SUW - GYMMATLY BAÝLYK
01-05-23
Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar.
Şeýle çemeleşme halkymyzyň ýaşaýyş çäginiň tebigy şertleri, suwuň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen hem baglydyr. Şol sebäpli halkymyz irki döwürlerden başlap, suw bilen baglanyşykly daýhançylyk däpdessurlaryny berk berjaý edip, suwuň gyt şertlerinde hem toprakdan bol hasyl almagy başarypdyrlar, özleriniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Olar çeşme, garýagyş suwlaryndan peýdalanmagyň gymmatly tejribesini toplapdyrlar.
Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny: bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgapda Soltanbent, Gowşutbent; Tejen derýasynda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Halkymyz uly bolmadyk ekin meýdanlaryny suwarmak üçin, Daşoguz sebitlerinde we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyr. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar. Käriz — el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär.
Käriz gazmak işi örän kyn hemde gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlara «kärizgenler» diýipdirler. Çöllerde guýy gazmak hem ýeňilýelpaý iş bolmandyr. Guýy ussalary biçak duýgur adamlar bolup, ýeriň astynyň haýsy ýerinde suwuň bardygyny, onuň nähili çuňlukda ýerleşýändigini öňünden kesgitlemegi başarypdyrlar. Gumda guýy gazmak örän howply hemde erjelligi talap edýän iş bolupdyr. Guýular gazylanda, olaryň iç ýüzüne gandymdyr tut agajynyň inçeliýogynly çybyklaryny ýada bişen kerpiçleri örüpdirler. Şonda olary «agaç örüm» we «daş örüm» diýip tapawutlandyrypdyrlar.
Ussalarymyz suw saklaýan, üsti ýapyk howuzlary, sardobalary hem gurupdyrlar. Sardobalar ygal suwlaryny saklamak üçin, ýörite gurlan desgalar bolupdyr. Şolardan iň gadymylary Merwden Amula barýan ýolda ýerleşipdir. Gadymy Marguşda, Nusaýda we beýleki ýerlerde gurlan suw howdanlarynyň galyndylary häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Türkmenler ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin esasy ene ýaplary we kärizleri köpçülik bolup, haşar edip gazypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda, şol sanda suw hojalyk ulgamynda alnyp barylýan tutumly işler buýsanjyňy artdyrýar. Bu işler suwuň ýekeje damjasyny altyn dänesine deňän türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Ylýas HOJAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Aýgül MUKGAÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.