BEREKEDIŇ ÇEŞMESI

29-03-23

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary,  öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.

Suw damjasyny zer dänesine deňän ata-babalarymyz suwuň gadyr-gymmaty,onuň ynsan durmuşynda tutýan orny hakynda «Suw atadyr, ýer ene», «Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok», «Gyş suwygyzyl suwy», «Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen», «Suwly ýer gül, suwsuz ýer çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp il» diýen nakyllary nesillere miras  goýupdyrlar.

Dünýäde ekinleri suwarmaklygyň birnäçe usullary giňden ulanylýar. Olar esasanam, her ýeriň öz toprak howa şertlerine baglylykda önümçilige  ornaşdyrylýar. Ýagyş ýagdyryp suwarmak usuly ýagyş ýagdyryjy maşynlaryň kömegi bilen suwakymyny ýagyş damjalaryna öwrüp, ekinleri suwarmakdyr. Bu usul XIX asyryň ahyrlarynda ilkinji gezek ulanylyp, XX asyryň 30-njy ýyllarynda önümçilige ornaşdyrylyp başlandy.

Mälim bolşy ýaly, ýagyş ýagdyryjy maşynlarsuwy ownuk damjalara öwrüp, ekinleriň üstüne sepýär.Olar işleýiş düzgüni boýunça suwy çeşmesinden alyp duran ýerinde işleýän we hereketedip barýarka işleýän görnüşde bolýar. Duran ýerinde ýagyş ýagdyryjy maşynlar ýörite traktorlara dakylýar. Ýagyş ýagdyryjy maşynlarda suw bilen bile dökün berer ýaly enjam hem göz öňünde tutulandyr. Hereketedip barýarka, suwarýan maşynlaryň üstünde pyrlanyp işleýän ýagyş ýagdyryjy enjam oturdylýar. Ol suw akymyny ýagyş damjalaryna öwürýän we  ony ekin meýdanyna ýaýradýan süýşýän bölekleri bolan guraldyr. Bulardan başgada, ýagyş ýagdyryjy gurallar täsir ediş radiuslary boýunça kelte,orta we daşa çüwdürimli görnüşlere bölünýärler.

Ýurdumyzda ýagyş ýagdyrmak usulyny dänelik, ot iýmlik,tehniki ekinleri, köp ýyllyk otlary, nahallary, gülleri, ýyladyşhanadaky ekinleri suwarmak üçin ulanmak netijelidir. Bu ýerlerde, esasan, ýakyn aralyga suw pürkýän ýagyş ýagdyryjy maşynlary ulanmak has bähbitlidir. Damja bilen suwarmak usuly XX asyryň 30-njy ýyllarynda döredildi. Damja bilen suwaryş ulgamy ekiniň talabyna we suw sarp edişine görä, yzygiderli suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki usullar bilen deňeşdireniňde, onuň artykmaçlyklary köpdür. Damja bilen suwarmak usulynda suwuň örän tygşytly ulanylmagy netijesinde, ýeriň üstünden suwarmak bilen deňeşdirilende, suw 24 esse az sarp edilýär. Suw diňe ekinleriň kökleriniň ýerleşen ýerine berilýär,ekinleriň hatararalygynyň gury bolmagy bejergi işini suw tutulyp durka hem geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, bu usuly ýurdumyzda giňden ulanmak amatly hasaplanýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň wekilleri we oba hojalykçy telekeçiler ekin meýdanlaryna ylmy taýdan esaslandyrylan damjalaýyn suwaryş ulgamyny yzygiderli ornaşdyrýarlar. Damjalaýyn suwaryş ulgamy suw serişdelerini diňe bir tygşytly peýdalanmaga ýardam etmekbilen çäklenmän, eýsem, olaryň üsti bilen agaçlardyr ekinlere mineral dökünleri hem berip bolýar.

Berdi ANNASEÝIDOW, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.