Saglygy goraýyşda emeli aňyň orny
13-03-26
Hormatly Prezidentimiziň 30-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Emeli aň (EA), adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, sanly enjamlaryň (kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Ol döwrebap smartfonlardan başlap, özi dolandyrylýan awtoulaglara çenli giňden ornaşdyrylýar. Internetde maglumat gözlemek, biometrik ýüz tanamak ýa-da aýdylan sözleri tekste öwürmek ýaly mümkinçilikler muňa mysaldyr. Şeýle amallaryň merkezinde emeli aň durýar we ol matematika, algoritmlere esaslanyp, işimizi aňsatlaşdyrýar.
Emeli aň tehnologiýasy adam beýnisiniň gurluşy we işleýiş usuly bilen berk baglanyşyklydyr. Alymlaryň pikiriçe, adam beýnisiniň nähili işleýändigine we pikirlenýändigine düýpli düşünmek şol mehanizmleri kompýuterde gaýtalamaga mümkinçilik berýär. Adam beýnisiniň öwrenmek, pikirlenmek we hereket etmek usulyny gaýtalap, şol bir işleri ýerine ýetirip bilýän enjamy oýlap tapmak mümkinçiligi döreýär. Sebäbi emeli aň — bu adam aňynyň amallaryny enjamlar, kompýuter ulgamlary ýa-da programmalar arkaly simulýasiýa etmekdir. Başgaça aýdanymyzda, emeli aň — adam aňynyň pikirlenmek, öwrenmek we çözgüt kabul etmek ukybyny kompýuter arkaly gaýtalamakdyr.
Emeli aň üç esasy görnüşe bölünýär: analitiki, adamdan ylham alan we adamlaşdyrylan emeli aň. Analitiki emeli aň diňe akyl taýdan elementlere esaslanýar. Ol daşky dünýäniň akyl taýdan şekilini döredýär we öňki tejribä esaslanyp, çözgütleri kämilleşdirýär.
Adamdan ylham alan emeli aň akyl bilen birlikde, emosional intelligensiýanyň elementlerini hem öz içine alýar, ýagny adam duýgularyna düşünýär we olary öz işinde göz öňünde tutýar.
Adamlaşdyrylan emeli aň ähli görnüşdäki başarnyklaryň — akyl, emosional we sosial intelligensiýanyň utgaşmasyny özünde jemleýär. Ol öz şahsyýetini duýup bilýär we özüne düşünip, aragatnaşykda öz-özüni tanap bilýär.
Emeli aň giň tehnologik ugurlary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda maşyn öwrenişi, tebigy dil prosesirleme, kompýuter görüjiligi we robototehnika bar. Şu tehnologiýalar emeli aň ulgamlaryna sesi, ýüzi tanamak ýaly çylşyrymly işleri ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
1950-nji ýyllarda, ýagny iňlis matematigi Alan Týuringiň «Hasaplaýyş enjamlary we aň» atly işiniň çap edilen, amerikan informatigi Jon Makkartiniň «emeli aň» adalgasyny ilkinji gezek ulanan döwründe bu ugur kemala gelip başlaýar. 1950-1960-njy ýyllarda emeli aň boýunça geçirilen ilkinji barlaglaryň maksady adam bilimini logika we nyşanly düşünjeler arkaly kompýuter programmalaryna ýerleşdirmekden ybarat bolýar. Şol döwürdäki tehniki serişdeleriň we hasaplaýyş kuwwatynyň ýagdaýy bu ugurda tiz ösüş gazanmaga mümkinçilik bermeýär.
Şondan bäri birnäçe ösüş döwrüni başdan geçiren emeli aň babatda XXI asyrda ýokary tehnologik ösüşlere ýetilýär. Soňky ýyllarda emeli aňyň iň möhüm ösüşleriniň biri — «Generative Pre-trained Transformers (GPT)» modelleriniň peýda bolmagydyr. Uly mukdarda tekst maglumatlary esasynda taýýarlanan bu modeller bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi. GPT modelleri edil adamyň elinden çykan ýaly tekstleri döretmek, redaktirlemek, dürli dillere terjime etmek ukyplaryna eýe boldy.
Emeli aň kompýuterler we programma üpjünçilikleri arkaly adam aňyny talap edýän işleri ýerine ýetirýär. Bu günki gün EA biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna täsir etmäge ukyplydyr. Eýsem, emeli aňy öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň artykmaçlyklary nämeden ybarat? Ol adaty işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wagty we serişdeleri has çylşyrymly wezipelere gönükdirmäge mümkinçilik berýär. EA algoritmleri uly mukdarda maglumatlary adamlardan has çalt we takyk seljerip, netijeliligi ýokarlandyrýar. Şeýle-de ol karar kabul etmegi kämilleşdirýär. Emeli aň maglumatlary seljerip, adamlaryň üns bermeýän netijelerini, gözüne ilmeýän taraplaryny hem açyp görkezýär.
Döwletimizde ylym-bilim ulgamyna berilýän goldaw ýyl-ýyldan artýar.Ylmy-amaly barlaglary geçirmek, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň görnüşlerini artdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlarynyň özboluşly işläp taýýarlamalaryny özünde jemleýän döwrebap, düýpli ylym binýady kemala gelýär. Häzirki zaman dünýäsinde saglygy goraýyş ýaly ähli pudaklaryň ösmeginde maglumat tehnologiýasy esasy rol oýnaýar. Lukmançylyk hünärmenleriniň we tehnologiýalarynyň özara täsiri lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çeşmeleri optimizirlemäge we diagnostikany çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Maglumat tehnologiýalary we emeli aň saglygy goraýyş işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmagy we işini optimallaşdyrmagy hem-de lukmançylyk kömeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Lukmançylygyň sanlaşdyrylmagy netijesinde aşakdaky maksatlara ýetilýär:
Diagnostika we bejerginiň hilini ýokarlandyrmak. Medisinany kompýuterleşdirmek, lukmanlara has takyk diagnoz goýmaga we uly maglumatlar derňewi esasynda şahsylaşdyrylan bejeriş meýilnamalaryny hödürlemäge kömek edýär.
Lukmançylyk edaralarynyň işini optimallaşdyrmak. Näsaglaryň ýazgylaryny ýöretmek, dermanlary kabul etmek we gözegçilik etmek ýaly gündelik meseleleri awtomatlaşdyrmak, hassalara has gowy hyzmat etmek üçin.
Ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak. Maglumat tehnologiýalary täze dermanlaryň we bejeriş usullarynyň ösüşini çaltlaşdyrýan ylmy maglumatlary has çalt ýygnamaga we derňemäge mümkinçilik berýär.
Lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyrmak. Telemedisina we ykjam saglygy goraýyş tehnologiýalary ähli ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýär.
Näsaglar bilen saglygy goraýyş işgärleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary gowulandyrmak. Elektron saglyk ulgamlary we maglumat alyş-çalyş platformalary maslahat beriş işini ýönekeýleşdirýär we lukmanlar bilen hassalaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrýar.
Saglygy goraýyş maglumat ulgamlary hünärmenler tarapyndan netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek üçin möhüm tehnologiki esas hasaplanýar. Lukmanlary, hassalary we edaralary bir sistema birleşdirýän ählumumy maglumat meýdançasyny döredýär.
Üznüksiz bilimde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IKT) maslahat beriş kömegini, terbiýeçilik we toparyň özara täsirini ösdürmek arkaly hünär işlerinde işjeň goldaw bermäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy babatynda alnyp barylýan beýik işlere biz hem yhlas bilen zähmet çekip, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.