Türkmen zenanlarynyň mertebesi

05-03-26

Ata Watanymyzda mähriban halkymyz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda abadançylygyň hözirini görüp, asuda ýaşaýar, döredijilikli işleýär, ynamly gurýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylymda, bilimde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler has-da guwandyryjydyr. Gazanylýan bu taryhy ýeňişlerde, şöhratly üstünliklerde ýurdumyzda jemgyýetimize peýdaly zähmet bilen meşgullanýan her bir raýatyň, şol sanda zenanlaryň-da mynasyp zähmet goşantlarynyň bardygy aýratyn guwandyryjy hakykatdyr.

Türkmen jemgyýetinde gelin-gyzlarymyza hemişe aýratyn hormat, aýratyn sarpa bilen garalypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlary jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna: syýasy, ykdysady, sosial, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň zenanlary hakynda uly aladalary edýär. Biziň ýurdumyzda zenanlar mynasyp hormat bilen gurşalandyr. Munuň özi milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Häzirki täze taryhy döwürde zenanlarymyz türkmen topragynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmelere işeňňir gatnaşmak bilen, öý-ojagynyň eýeleri, asylly borçlaryna wepaly bolmaklarynda galýarlar.

Türkmen zenanlarynyň mertebesiniň nähili beýikligini olaryň milliligimize mahsus bolan ajaýyp häsiýetlerinde görýäris. Elleriniň hünäri bilen behişdi ýatladýan gözelligi döretmegi başarýan zenanlarymyz her bir öýüň bezegi, buýsanjy, guwanjy, bagtydyr. Aslynda adamzat öz pikirini beýan etmek bilen hem nähili adamdygyny görkezýär. Gözel nusgalary hala çitip, özleriniň garaýyşlaryny, ajaýyp pikirlerini beýan edip bilen enelerimiz durmuşda duş gelýän kynçylyklary ejizlemän, mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen ýeňip bilýän, hemmä nusga, görelde bolup bilýän mähribanlardyr, gahrymanlardyr, dünýäniň manysydyr. Olar gözelligi beýan etmekde hiç hili söz ulanmazdan, ýürekden çykan wasplaryny sungat eserleri bilen beýan etmegi başaryp bilipdirler.

Zenan mertligi barada döredilen eserler, birnäçe taryhy şahslar bu günki günde gaýtalanmaýan görelde alarlyk beýik nusgalardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzyň biziň döwrümize çenli ýetiren iň gadymy nusgalaryny bu günki günde has-da kämilleşdirip, has gözel nusgalary döredip bilýärler. Gaýtalanmajak milli sungaty, deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklary, haly we haly önümlerini, beýleki el işlerini öz aýratynlyklary bilen amal etmekde irginsiz zähmetini gaýgyrmadyk ene-mamalarymyz durmuşda ýaşaýşyň lezzetini diňe gözel keşplere siňdirip bilipdirler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda esasy maksatnamalary amala aşyrmaga, şol sanda maşgalany berkitmäge, eneligi we çagalygy goramaga hem-de zenanlaryň zähmet we jemgyýetçilik işeňňirligini ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksatlaryny türkmençiligiň maşgala we maşgala gatnaşyklary babatdaky garaýyşlarynyň esasynda seljermek bilen durmuşa ornaşdyrmaga ähmiýet berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilýän “Ýylyň zenany”, “Ýylyň maşgalasy” bäsleşiklerini geçirmek, “Sagdyn maşgala” atly sport çäreleriniň mysalyndan hem bellidir. “Ýylyň zenany” bäsleşigi çeper ellilik, jemgyýetçilik işjeňligi bilen bagly ugurlarda gönüden-göni türkmençilik ýörelgelerine laýyk gelýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan yglan edilýän “Gülüň owadan” atly keçe bäsleşigi hem şunuň bir mysalydyr.

Bäsleşikleriň şu mazmuny türkmençiligiň eli işlilik babatdaky garaýyşlaryny has berkidýär. Mälim bolşy ýaly, zenan maşgalanyň eliniň işliligi onuň jemgyýetdäki ornunyň esasyny kesgitläpdir diýilse hem dogry bolar. Çünki türkmen zenanynyň el işleri intellektual tejribäni hem talap edýär. Türkmen halysy, keşdesi we keçesi çeperden çeperleriň, has zehinliniň saýlanmagyny şertlendirýär. Sebäbi ol işler iňňän inçe bolmak bilen, ýiti zehiniň we paýhasyň önümi bolup durýar. Şonuň üçin hem el işleriniň bäsleşikleriň mazmunynda uly ornunyň bolmagy türkmen zenanynyň özerkliligini häsiýetlendirýär. Islendik döredijilik işi hem erkin pikirleriň önümi bolup durýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemgyýetçilik işjeňligini açyp görkezmek bilen bagly ugurdaky täsirliligine ünsüň çekilmegi wajypdyr. Türkmençilikde zenan maşgalanyň jemgyýetçilik işjeňligi onuň el işlerine ussatlygyny, köpçülige görelde bolmagyny, deň-duşlaryna we ýaşlara ýardam bermek başarnygyny göz öňünde tutýar.

Goý, dünýäniň görki, Zeminiň durky bolan zenanlary hormatlap, giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýgözel ANNAÝEWA,
Asgabat säherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň fizika mugallymy. 

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.