Häzirki zaman tehnologiýalary – ösüşiň binýady
05-01-26
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany düýpli artdy, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizildi, bu iş häzir dowam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumaty bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän ýaş talyplaryň hünäri hem ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy.
Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn hem, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurup ulanmaga bermek wezipesi gaýragoýulmasyz üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen.Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär.
Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň, okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, täze bilim toplumlarynyň döredilmegi ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, tebigy zehinlerini açmaga, ösdürmäge hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamaga giň mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, biz talyp ýaşlar asylly kärleriň eýeleri bolup, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýelemek bilen birlikde, geçmişimiziň nusgalyk tejribesini beýik geljegimiz üçin dowam etdirmek babatda hem mynasyp işleri alyp barmalydyrys.
Ylma we häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýnagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.