Ykdysadyýetiň innowasion ösüşi
21-10-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak işi ykdysadyýetde innowasion işi çaltlandyrmak, internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Muňa esas bolup, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda kabul eden Karary hyzmat edýär. Ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanan bu asylly we döwletli işiň ähmiýeti, onuň durmuşymyzdaky orny we mümkinçilikleri örän uludyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýet munuň özi internetiň mümkinçiliklerine daýanýan, ykdysady nusgadyr. Şonuň üçin-de onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, jemi içerki önümini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, sanly ykdysadyýete durnukly ösüşiň iteriji güýji, girewi hökmünde garalýar. Mysal üçin, internetiň üsti bilen öndürijilere, alyjylara öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürläp bilýärler. Şeýle tehnologiýalar ýeke bir söwda, önümçilik we hyzmatda däl-de, dolandyryş işlerinde hem giňden peýdalanylýar. Bu serişdeleriň ulanylmagy zähmet bilen birlikde wagtymyzy-da tygşytlaýar.
Aslynda, sanly ykdysadyýet diýen adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda Günbatar ýurtlarynda giňden ýaýrap başlady. Hususan-da, hyzmat ediş ulgamlardaky işleri öz içine almak bilen wagtyň we harajatyň onlarça esse azalmagyna mümkinçilik berdi. Soňky maglumatlara görä, ony ulanan ýurtlar dünýäde köp mukdarda serişde tygşytladylar, ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazandylar. Günbataryň köp ýurtlary tölegleri nagt däl hasaplaşyklarda amal edýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýetiň bu mümkinçiliklerinden oňaýly peýdalanylýandygyny guwanç bilen belläp geçesim gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Sanly ykdysadyýete geçmek köp babatda jemgyýet üçin uly eşretdir. Ol adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrýar, işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Indi bolsa ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe bolýan elektroenergetika pudagynda zähmet çekýän hünärmen hökmünde bu pudaga sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady we wezipeleri barada aýdasym gelýär. Ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarlylygynyň we netijeliligini ýokarlandyrmak pudaga sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmagyň baş maksady bolsa onuň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
- energiýa serişdeleriniň peýdalanylyşy baradaky maglumatlary uzak aralykda ýerleşýän enjamlardan elektron görnüşde ýygnamagyň, jemlemegiň we özara alyşmagyň mümkinçiliklerini gowulandyrmakdan;
- edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň hem-de raýatlaryň energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmaklary üçin şertleri döretmekden;
- gaýtadan dikeldilýän we tükeniksiz çeşmelerden sanly ulgamlary peýdalanmak arkaly energiýany öndürmekde ýöriteleşen kompaniýalary çekmäge şert döretmekden;
- ykjam aragatnaşyk enjamlaryna tok bermek üçin (şol sanda, Gün energiýasyna esaslanýan) niýetlenen jemgyýetçilik torlarynyň nokatlaryny ösdürmekden;
- köçelerde energiýa tygşytlaýjy we daş aralykdan dolandyrylýan yşyklandyryş sütünleriniň ornaşdyrylmagyny ýaýbaňlandyrmakdan;
- elektroenergetika pudagynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hususy maýa goýum serişdelerini çekmekden;
- elektron resminamalar dolanyşygyny ösdürmek arkaly energiýa üpjünçilik ulgamlaryna baglanmakda sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar.
Pudagyň öňünde duran şu wezipeler häzir ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanyp, üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» mynasyp ornuny tapandyr. Prezident Maksatnamasynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny sanly ykdysadyýete geçirmegiň çäklerinde içerki bazarda sarp edilýän elektrik energiýasynyň hasabat merkezini döretmek hem ileri tutulýar. Bu merkeziň ilkinji tapgyry ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda ornaşdyrylyp, 2025-nji ýyla çenli ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu merkeziň döredilmegi elektrik energiýasynyň hasabatyny ýöretmäge we hasaplaşyklary geçirmäge (müşderileriň elektron binýady dörediler. SMS arkaly habar bermek hem-de telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmek, wagtynda töleg etmeýän müşderileri ýüze çykarmak, hasaplaşmak üçin tölegleriň görnüşlerini köpeltmek) mümkinçilik berer we beýleki birnäçe hasabat ýeňilliklerini döreder.
Görşümiz ýaly, ösüşimiziň ygtybarly guraly bolan sanly ykdysadyýetiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Goý, eziz Diýarymyzy we mähriban halkymyzy agzybirlikde rowana ak, ajap ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülälek EỲEBERDIỲEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Magistrlar taýýarlamak okuwynyň işgärleri dolandyrmak ugrunyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.