Şygyr äleminiň ussady

06-12-25

Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgüsini, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bütin dünýäde öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi 300 ýyla golaý wagt bäri öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Il arasynda “Magtymguly – halkyň guly”, “Magtymguly – wagtyň guly”, “Magtymguly – bagtyň guly” diýen sözler häli-şindi eşidilýär. Şahyryň özi hem “Magtymguly, sözlär dili türkmeniň”, “Öz halkymyň görer gözi, sözlär sözi idim” diýipdir. Dogrudan hem, Magtymguly bütin ömür boýy iline-gününe hyzmat edipdir, ähli ukybyny, başarnygyny, ussatlygyny halkyna bagyşlapdyr, täleýini-kysmatyny hem halkyň täleýi-kysmaty bilen baglapdyr. Mahlasy, ol halka iň ýakyn duran adam bolupdyr.

Magtymguly ýurdy, halky tozgunçylykdan, daşary ýurt basybalyjylarynyň çozuşlaryndan halas etmegiň ýollaryny agtarypdyr. Ol bu ugurda köp agtaryşlar, gözlegler geçiripdir. Umyt bilen adatdan daşary bir güýjüň hemaýat bererine, halkyň bagtynyň oýanaryna, gowy günleriň gelerine, käte bolsa han-begleriň, serdarlaryň umumy halk bähbidi üçin möhüm işler alyp bararyna garaşypdyr. Emma bu arzuwlarynyň hiç biri-de başa barmaýar. Şondan soň ol türkmen tire-taýpalarynyň arasyndaky duşmançylygyň soňuna çykyp, olary birleşdirmeli, merkezleşdirilen bir döwlet gurmaly diýen netijä gelýär.

Magtymguly türkmen halkynyň tozgunçylyga, talaňçylyga düşmeginiň düýp sebäbiniň olaryň agzala hem dagynyk ýaşamaklaryndadygyna akyl ýetiripdir. Dogry, birleşmek, agzybirlik, merkezleşen döwlet gurmak pikiri Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitabynda hem gozgalýar, ýöne şahyr bu meseläni umumy goýýar. Magtymguly bolsa ony XVIII asyr türkmen durmuşy bilen baglanyşdyrdy hem anyklaşdyrdy. Has takygy, ol ony iş ýüzüne geçirmäge synanyşdy, onuň ýollaryny agtardy. Netijede, Magtymguly türkmen jemgyýetçi­lik aňynyň taryhynda ilkinji bolup, bu taryhy hakykata akyl ýetirdi, ony jemagat arasynda giňden wagyz-nesihat etdi. Şu maksat bilen hem ol “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Türkmen binasy” ýaly eserlerini döredipdir.

Magtymguly bir supradan çörek iýmegi, duz-emek bolmagy birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk “bir çukura tüýkürse”, bir agza garasa, uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň durup bilme­jekdigine şahyr ynanypdyr.

Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragy halkyň şahyry hökmünde dünýä edebiýatynda orun aldy. Şahyryň döredijiligi häzirki wagtda giňden öwrenilýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar.

Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýsoltan PIGAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.