Saýlawlara görülýän taýýarlyk

08-03-23

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly ýörelgeleri netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda işler sazlaşykly guralýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji 12-nji ýanwaryndaky Karary esasynda şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşiň 9-njy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Şol mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzda hasaba alnan dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda duşyşyklar yzygiderli guralýar.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-den başlap, ähli düzümdäki saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek işleri amala aşyryldy. Dalaşgärleri hödülemek Türkmenistanyň syýasy partiýalary, ýagny, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň agrar partiýalary tarapyndan, şol bir wagtyň özünde dalaşgärleri hödürlemek Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda raýatlar toparyna hem ygtyýar berilýär.

Türkmenistan boýunça jemi 125 sany saýlaw okrugy bolup, 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw okrugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşýär. Saýlawlar ýokary guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda, baýramçylyk ruhunda alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda raýatlar topary tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgär Paltaýew Atageldi Döwletgeldiýewiç bilen ýokary derejede duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda dalaşgäriň geçen zähmet ýoly, ýokary hünär bilimi, umuman dalaşgär bilen tanyşdyrmak üçin ilki bilen onuň ynamdar wekillerine  söz berildi.  Duşuşykda çykyş edenler Paltaýew Atageldi Döwletgeldiýewiçiň ýurdumyzda alnyp barylýan içerki we daşary syýasatyň gollaýjysy hökmünde ösüşlere has hem badalga berilmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekýändigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşan talyp-ýaşlar, saýlawçylar özlerine gerekli maglumatlara eýe boldular.

Ýurdumyzda milli demokratiýanyň sazlaşykly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönüdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.