Türkmen–katar gatnaşyklarynyň täze sahypasy

13-03-23

Türkmenistan bilen dostlukly döwlet bolan Kataryň uzak ýyllara daýanýan hoşniýetli, dostlykly gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem barha rowaçlanýar. Ýurdumyz Katar döwleti bilen syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alyp barýan hyzmatdaşlyklaryny ilerletmäge uly ähmiýet berýär. Bilşimiz ýaly, 1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary giňeltmek işleri häzirki wagtda netijeli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýady emele geldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada bolup geçen Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Arkadagly Serdarymyz dostlukly ülke bolan Katar Döwletine amala aşyrylýan saparyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýändigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäklerinde ýakyn wagtda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-8-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG tarapyndan geçirilen maslahata türkmen wekiliýeti gatnaşyp, plenar mejlisleriň barşynda Türkmenistanyň içeri ykdysady syýasaty we döredijilikli daşary syýasaty, halkara söwdasy, sebitleýin hyzmatdaşlygy barada çykyş edildi.

Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.