Sanly bilim ulgamy – ösüşleriň kepili

05-01-26

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň islendik ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda ylym-bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalardyr maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar, raýatlarymyzyň ylym-bilim, ukyp-başarnyklaryny doly derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasynyň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde döwlet hyzmatlarynyň bütewi portalynyň döredilmegini belläp bileris. Bu “e.gov.tm” portalynda ýurdumyzyň her bir raýaty döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleri babatda maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp biler. Bu bolsa, ilki bilen, bagtyýar raýatlarymyza hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, elýeterliligini artdyrmaga, milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky asylly başlangyçlaryň miwelerinden datmaga mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň esasynda durmuşa geçirilýän işler halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge şert döredýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän, olaryň her bir ynsanyň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çuňňur ornaşýan döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar we bilim bermegiň täze çemeleşmeleri kemala gelýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz degişli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi çekýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar. Bu möhüm Konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna, “Bilim hakynda”, “Elektron resminama hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki hukuk namalaryna esaslanyp taýýarlanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Pursatdan peýdalanyp, mähriban halkymyzy bagtyýarlyga, berkarar döwrümizi rowaçly mezillere ýetiren türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!

Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.