Ganatly bedewler
23-04-25
Türkmen dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzy uly ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiz hem türkmeniň uçar ganaty, gardaşy we syrdaşy bolup gelen bedewlerimizi diýseň eý görýär. Saglygyň sakasy bolan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, şol sanda atçylyk sportunda hem ýaşlarymyza nusgalyk görelde görkezip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň mähri siňen ahalteke bedewlerini jany-teni bilen söýýän Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli aladalary, taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda atçylyk pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykdy. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz, ak mermer şäherimiz Aşgabatda täze atçylyk sport toplumlary, aýlawlar guruldy. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde myhmanlary alyslardan çagyryp, bereketli saçagyny giňden ýazyp, Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan tutýan ýurdumyzda baýramçylyk mynasybetli “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, amaly-haşam sungatynyň sergileri, sungat ussatlarynyň çykyşlary gurnalýar. Bu bolsa halkymyzyň söýüp-söýgüleýän ahalteke bedewleriniň şanyna tutýan uly toýunyň-baýramynyň dabarasyny dünýä ýaýýar.
Arkadagly Garyman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmakda döwlet derejesinde işler alnyp barylýar. Hormatly Prezindentimiziň belleýşi ýaly, behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.
Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrlardan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Türkmen halky bedew at bilen bagly nakyllarynda, atalar sözlerinde öz milli parasadyny bütin aýdyňlygy, beýikligi bilen orta çykarypdyr. Garyman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem behişdir bedewlerimiz hakda aýdylan nakyldyr atalar sözleri orun alandyr: “At basyşyndan, är bakyşyndan”, “At – myrat”, “Atym bar – ganatym bar”, “Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “At – ganat, düýe – döwlet”, “Är ganaty – at”. Bedew at bilen bagly şeýle nakyllaryň her birinde ullakan many bar. Olarda behişdi bedew bilen baglanşyklylykda türkmen dünýäsi açylýar. Bedew at barada atalar sözleriniň, at bilen baglanşykly nakyllaryň köp bolmagy türkmen halkynyň atşynaslygy sungat derejesinde belende göterendigini görkezýär. Bedew at türkmeniň uçar ganaty bolupdyr. Alys ýerleri ýakyn edipdir.
Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” , “Gadamy batly bedew” , “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseleri milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Arkadagly Garyman Serdarymyzyň pähim-parasady netijesinde türkmen halky öz behişdi bedewi bilen bagtynyň ozandygyny, bagtyýarlyk döwründe ykbalynyň göterilendigini görkezýär. Türkmen halkynyň baý taryhynyň hem-de mirasynyň giňden öwrenilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzyň buýsanjy hem-de gymmatly baýlygy bolan ajaýyp bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.