TÄZELENIŞIŇ WE GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY

12-03-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilip geçilýär. Nowruzyň gelmegi bilen goja Zemin, ene toprak juwan keşbe girýär, adamlaryň ruhuna ruh goşulýar, jümle-jahanda täzeleniş başlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän esasy baýramlarynyň biri hem Milli bahar baýramydyr.

Tebigatda bolup geçýän her bir hadysany synçy nazary bilen saldarlan ata-babalarymyzdan galan halk ýorgutlarynda aýdylyşy ýaly, togsan dolup, ýere ýyly gidende, tebigatda täze bir janlanyş peýda bolýar. Şonuň üçinem «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýen paýhasly pederlerimiz tutuş täze ýylyň rysgal-berekedini, mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny bu tebigy öwrülişik bilen kesgitläpdirler.

«Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp dur:
 Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

Şahyr Halyl Kulyýewiň bu goşgy setirlerindäki buşluk köňüllere ýylylyk, ýaz mährini paýlaýar. Çünki tebigatyň gül-gunçalara, lälezarlyga bürenip, ajaýyp keşbe girmegi, her bir göwne üýtgeşik teselli berýär. Şahyr Gurbannazar Ezizow bolsa bahary «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýip wasp edýär. Hakykatdanda, bu ajaýyp pasyl toý-baýrama baý. Milli bahar baýramy hem bu paslyň iň naýbaşy baýramlarynyň biri.

Halkara derejesinde ykrar edilen Nowruz baýramynyň özboluşly däpleri, edim-gylymlary bar. Ol gün ýerine ýetirilýän däpler adamlary biri-birine ýakynlaşdyryp, gatnaşyklaryny berkidipdir. Nowruz — täzelenişiň baýramy. Ol hasyllylygy, dostlugy we mähribanlygy alamatlandyrýar. Gündogar halklarynda Nowruzyň gelmegi täze ýylyň gelmegi hasaplanylýar. Nowruz — täze durmuşyň buşlukçysy, täze umytlaryň, meýilleriň, raýdaşlygyň başlangyjy. Gadymy senenama görä, adatça, 22-nji mart — gije-gündiziň deňleşýän güni. Gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar. Şonuň üçin Nowruz «täze gün» diýlip atlandyrylýar, tebigatda täzeleniş bolýar, mylaýym bahar şemaly öwsüp, ýyldyrym çakýar, ýagyş ýagýar, älemgoşar görünýär, agaçlar pyntyklaýar, otlar gök öwüsýär.

Taryhy müňýyllyklara uzaýan bu baýram 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda öz halkynyň baý medeni mirasyna, milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Güneşli ýurdumyzda Halkara Nowruz güni döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan bu baýramyň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam etdirilýär. Her ýylda Nowruz baýramçylygy günlerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyna badalga bermek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy.

Bahar paslynyň eziz Diýarymyza toý bolup gelýändigini äleme jar edýän Milli bahar baýra­my­ — ­Hal­ka­ra ­Now­ruz­ gü­ni­ her ­bi­ri­mi­ziň,­ aýratyn-da, bagtyýar ýaş nesilleriň kalbynda gülläp ösýän ata Watanymyza, bagtly şu günümize hem-de nurana geljegimize bolan buýsanç duýgularyny terbiýeleýär. Şu günler bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baharyny aýratyn joşgun, söýgi, mähir bilen garşylaýar.         

Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun! Täze günüň, täze ýylyň, baharyň buşlukçysy Nowruz baýramynda ediljek arzuw-niýetler hasyl bolsun!

Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň öwrenji mugallymy.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.