At – türkmeniň ganaty

28-04-23

Ata-babalarymyzyň bedew atlara bolan söýgüsini, yhlasyny hiç zat bilen ölçemek mümkin däl. Dana pederlerimiz bedew atlar barada “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” , “Bedewli gapa bela gelmez”, “At rysgaly alnynda” , “At toýnagyna at çydar” , “At ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi”, “At kişňeşip tanyşar, adam sözleşip”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly dana dürdäneleri döredipdirler. Bedew atlar irki döwürlerden bäri türkmenleriň milli baýlyklarynyň biri bolup, pederlerimiz bäş-alty ýaşdan başlap oglanjyklary zähmete ugrukdyrmagyň esasy görnüşi hökmünde olara at münmegi, oňa serenjam bermegi, seýislemegi öwredipdirler. On-on bir ýaşlaryndaky oglanlar ata çalasyn münmekde we aty çapmakda uly ýaşlylardan kem bolmandyr. Muny Türkmenistanda bolan syýahatçylar öz ýazgylarynda geň galmak bilen belläpdirler.

Fransiýaly alym Karole Ferret: “Türkmenlerde atçylyk örän üns berilýän pudakdyr. Türkmenler atlara örän aýawly göz bilen garýarlar. Bu sebäpden türkmenleri çapyksuwar halk hökmünde hasaplamak we olary “çapyksuwar halk” diýip atlandyrmak mümkin” diýip belleýär.

Türkmenleriň bedew alara bolan söýgisi, yhlasy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň  sanawyna giren “Görogly” eposynda hem örän iňçelik bilen öz beýanyny tapypdyr. Görogly eposynda Gyratyň keşbi arkaly atçylyga türkmen durmuşynda giň orun berlendigi, bedew ata ýakyn dostlugyň, wepadarlygyň nusgasy hökmünde garalandygy giňden beýan edilýär.

Biz ýaş nesilleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly raýatlar bolup ýetişmegimizde dana pederlerimizden miras galan milli ýol ýörelgelerimiz, edim-gylymlarymyz bahasyz terbiýe mekdebidir. Biz ýaşlaryň Hak Howandary, biziň oňat okamagymyz, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagymyz bilen birlikde pederlerimizden galan ýol ýörelgeleri öwrenmegimiz we mynasyp dowam etdirmegimiz üçin dynygsyz alada edýän Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetininiň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.