Berkarar döwletimizde giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär
04-05-23
2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Ýokary derejede guralan bu halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň berk binýadynyň döredilmegine giňden mümkinçilik döredýär. Onuň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Häzirki wagtda ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe.
Türkmenistanda howa gämileriniň we Halkara howa menzilleriniň sany ýylsaýyn artdyrylyp, halkara howa gatnawlary ýygjamlaşýar. Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksizligi üpjün edilýär. Ýurdumyzda ulag ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze çykyp bilýär.
Her ýyl geçirilýän bu iri halkara çäre milli ulag kärhanalarynyň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, Türkmenistanyň döwlet guramalary, iri logistika institutlary we ulag-logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetininň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.