Howpsuzlygymyzy üpjün edeliň!
11-05-23
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjin etmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläkde berkemegi üçin iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bagtyýar döwrüň abadan binadyr desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr. Bu ugurda hemişe uly aladalar edilýär.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly ýaşaýyşdyr edara jaýlarynyň birnäçesi gurulyp ulanylmaga berilýär, ençemesiniň durky täzelenýär. Bularyň hemmesi ýangyn hadysalarynyň öňüni almakda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Giň gerim bilen alnyp barylýan binagärlik gurluşygynda kadalaşdyryjy namalaryň iň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilenem enjamlaşdyrmak işine uly üns berilýär. Binagärlik gurluşyk işlerinde häzirki zaman, oňaýly durmuş gurşawyny, onuň durnukly ösmegi üçin şertleri döretmekde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini yzgiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, bu ulgamda ylymyňdyr tilsimat usullarynyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaý nazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrysynda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça öz maslahatlarymyz bilen mähriban ildeşlerimize ýüzlenip, birnäçeleriniň üstünde durup, ýatladyp geçmegi makul bildik.
Edaradyr kärhanalarda Ilkinji nobatda ýangyn howpsuzlygyň çäreleri babatynda gözükdirmeler bölümleriň, gurluşlaryň, ammarlaryň, barlaghanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanyp, ýerli ýangyn howpsuzlyk bölümleriniň birlikleri bilen ylalaşylyp, edaradyr kärhananyň baş inženerleri tarapyndan tassyklanylmaly. Bölümleriň, gurluşlaryň, ammarlaryň, barlaghanalaryň ýangyn howpsuzlygyň çäreleri hakyndaky gözükdirmelere şulary hökmany ýagdaýda girizilmelidir, ýagny, çig malyň, taýýar önümiň, önümçiligiň alnyp barlyşyna ýangyn howplulygy boýunça howpsuzlyk çäreleri, ýangyn howpsuzlygy boýunça işgärleriň ýerine ýetirmeli talaplary, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat enjamlaýyn ulgamyny togtatmagyňdyr ýangyn howpsuzlyk bölümleri çagyrmagyň düzgünleri, daştöweregi, şol sanda binalara, desgalara barylýan ýollary saklamaklyga bildirilýän talaplar, açyk ot ulanmak gadagan edilen ýerler barada maglumatlar, ýangyn hadysasy dörän halatynda işçidir gullukçylaryň borçlary, ýangyn söndüriji serişdeleri herekede getirmegiň usullary, maddalarydyr materiallary saklamagyň tertipleridir kadalary, şeýle-de olaryň ýangyn, partlama howply häsiýetnamalary barada maglumatlar, ýangyn howpsuzlygyň çäreleri hakyndaky gözükdirmelere hökmany ýagdaýda girizilmelidir. Eger-de ýangyn howpsuzlygyň çäreleri hakyndaky gözükdirmelere täzeden seljerilip seretmeklik ýüze çykan halatynda tehniki howpsuzlygy boýunça gözükdirmelerdäki ýaly tertipde amala aşyrylmaly.
Önümçilik senagat kärhanalarynyň ýangyna garşy ýagdaýy üçin jogapkärçilik, şeýle-de Döwlet ýangyn gözegçiligi gullugynyň hemem ýangyn howpsuzlyk bölüminiň tabşyryknamalarydyr tekliplerini ýerine ýetirmeklik edaradyr kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň üstlerine ýüklenilendir. Şeýle bolan soň, önümçilik senagat kärhanalarynda önümçilikde, bölümlerde, gurluşlarda, ammarlarda, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik desgalarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kärhanalarda işleri guramaga, ähli işgärleriň ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini ýerine ýetirmeklerini üpjün etmäge, ýangyn-tehniki işçi topar, meýletin ýangyn topar agzalaryny döretmeklige, olaryň netijeli işlemeklerini ýola goýmaklyga, ýangyn howpsuzlygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlap, durmuşa ornaşdyrmaklygy üpjün etmäge, ýangyna garşy çäreleri ýerine ýetirmäge, ýangyn söndüriji serişdeleri almak üçin hökmany maliýe serişdelerini goýbermekligi göz öňünde tutmaga önümçilik senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylary borçludyrlar.
Şeýle-de her bir işgär ýangyn howpsuzlygyň kesgitlenen düzgünleridir gözükdirmelerini anyk bilmelidir hemem berjaý etmelidir. Hemişe öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriji enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmelidir. Edaradyr kärhanalaryň her bir işgäri, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny, ýangyn söndüriji enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygyny ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgüni bozuja haýal etmän duýdurmaga borçludyr. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy mümkin bolan ýerlerinde, görkezilen düzgünleriň talaplaryny wagyz edýän suratlary ýatlama gollanmalary görnükli edip ýerleşdirmelidir.
Önümçilik senagat kärhanalaryna täze işe kabul edilen işgärleriň, şonuň ýaly-da tejribelik geçmek üçin ýa-da wagtlaýyn işe gelen hemme işgärler, şol sanda inžener-tehniki işgärler ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme bilen giriş tanyşlygy geçmelidirler. Ýangyn howpsuzlygy boýunça giriş tanyşdyrylyşy ýörite enjamlaşdyrylan otaglarda geçirilip, çäklerdedir önümçilik senagat kärhanalarynyň önümçiliklerinde ýerine ýetirmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünleri düşündirilmelidir. Bar bolan serişdelerdir ýangyn barada habar bermek hemem söndürmek ulgamlary, olardan peýdalanmagyň düzgünlerem doly düşündirilmeli, ýangyn dörän ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketler barada söhbetdeşligiň özenini tutmaly. Gözükdirme bilen tanyşdyrylyşy geçirip, işçileri ýangyn howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okatmak üçin görkezme esbaplaryndan, kino filmlerden, slaýdfilmlerden peýdalanmak örän ýerlikli bolar, şeýle-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny görkezmegem düşünjelerini giňeltmäge uly ýardam eder. Ýene-de esasy talaplaryň biri bolan, “Ýangyn howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň çäklerinde eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan döwlet edaralarynyň, şahsy adamlaryňdyr edara görnüşindäki taraplaryň ýangyn howpsyzlygyny üpjün etmek çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär.
Gaýgysyz ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň Aşgabat aeroportyndaky ulaglardaky polisiýa bölüminiň ýangyn howpsuzlyk toparynyň ýangyn howpsuzlyk boýunça gözegçisi i/g kapitany.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.