«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – röwşen geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
01-06-23
1-nji iýunda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Sagdyn nesil – röwşen geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşinden, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we ak saçly enelerimiz, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalaryndan wekiller gatnaşdylar.
Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek, bilimlerini kämilleşdirmek we ösdürmek, olaryň boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, amatly şertler barada durlup geçildi.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.