Watan gerçekleri halkyň hakydasynda
01-05-25
Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşudyr. Bu söweşde gahrymanlarymyz mertligiň-merdanalygyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Ondan bäri 80 ýyl geçdi. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol pajygaly aýylganç günleri unutmak asla mümkin däl. Urşuň nähili elhençdigini, adamzadyň ykbalyna ýowuz daraýandygyny oňa gatnaşan bilýär.
Türkmen halkymyz gahrymançylygyň, mertligiň-merdanalygyň gadyryny bilýän halk. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de Milli Gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda orun aldy. Olar hemişe ýagşylykda ýatlanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, uly özgerişleriň ak ýolunda röwşen geljege barýan ýurdumyzyň obadyr kentleriniň, şäherdir şäherçeleriniň köçeleri gahryman gerçekleriň atlaryny buýsanç bilen göterýär.
Urşuň yzynda galan enelerimiziň, esasan hem durmuş toýuny tutanlaryna bir aý geçmänkä, ýanýoldaşlaryny urşa ugradyp, ömrüni ýalňyzlykda, söwer ýaryna garaşyp, zähmet çekip gününi geçiren perişde ýaly ak saçly enelerimiziň gürrüňlerini diňläniňde olara bolan buýsanjyň, hormatyň artýar. Türkmen eneleri uly mertlik görkezdiler. Ýanýoldaşlaryny fronta ugradyp, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny görüp, käte erkek adamlary-da aljyradýan ýüki gerdenlerinde çekip ejizlemändirler. Şeýdip olar mähriban ojagyny gorapdyrlar. Olar wepalylygyň beýik nusgasydyrlar. Gazaply urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolsa berk ynanypdyrlar. Başgaça bolmagy mümkin hem däldi. Sebäbi Watan diýip, döş gerip söweşe ugran ezizleriniň gara başlaryny aýamajakdyklaryny, ýeňişsiz yzlaryna dolanmajakdyklaryny bilýärdiler. Şol ynam olara güýç-kuwwat berýärdi. Olar tapdan düşseler-de, ruhdan düşmändiler.
Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlananyna ençeme ýyllar geçse-de, onuň pidasy ýüreklerden çykmaz. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan üçin baş goýan, edermenligiň, gahrymançylygyň we synmaz ruhuň nusgasyny görkezen gahrymanlara uly hormat goýulýar. Munuň şeýledigini milletiň eşretli geljeginiň, hakyky edermen nesliň dowamatynda, halkynyň asuda, abadan durmuşynyň aladasy bilen ýaşaýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara pensiýalar aýratyn tapawutlandyrylmagynda görmek bolýar.
Biziň bagtly geljegimiz üçin şirin janyny gaýgyrman, söweş meýdanynda wepat bolan gerçeklere, uruş weteranlaryna tagzym edip, başymyzy egýäris. Olaryň hormatyna her ýylyň 9-njy maýy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, toýuň hoş owazy belentden ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligi terbiýäniň seresi, özeni hasap eden pederlerimiziň aýdyşy ýaly, gahrymanlar baky diridir. Olaryň mukaddes ruhlarynyň öňünde bolsa bu gün her bir türkmen raýaty baş egýär. Goý, halkyny parahat geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Akjemal GAÝYPOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.