SANLY ULGAM: ÖSÜŞIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
27-06-23
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Ylmyň we bilimiň has-da ösen häzirki döwründe tehnologiýalara, kompýuter enjamlaryna, elektron programmalaryna giň ýol açylýar. Şonuň üçin sanly ulgam dürli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ylmyň iň täze gazananlaryny hem durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi birnäçe amatlyklary döredýär.
Ylmyň-tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp okatmagyň döwrebap usullary ýokary netije berýär. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelerine esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlara bilim bermekde sanly ulgamyň uly ähmiýete eýedigini nazarda tutup, ýörite Konsepsiýa kabul edildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda aýratyn bellemegimiz gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki maglumatlary sanly öwrenijiler arkaly köpçülige ýetirmekden ybaratdyr. Sapaklarda ulanyljak maglumatlar dolanyşygynyň kämilleşdirilmegi bilim pudagynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda — maglumatlar zamanasynda aragatnaşyk we maglumat, bilim ulgamyny baglanyşdyrmakda kompýuter tehnologiýasynyň orny ýokarlanýar. Şunda internetiň we maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňişleýin peýdalanylmagy mugallymlaryň we hünärmenleriň wagtlaryny tygşytlamagyna kömek edýär.
Hyzmatlaryň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem kagyz görnüşinde ulanylýan maglumatlaryň azalmagy üçin, sanlylaşdyrylan ulgamyň döredýän mümkinçilikleri diýseň uludyr. Şonuň üçin häzirki döwürde ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna dünýäniň ähli döwletleri aýratyn ähmiýet berýärler. Sanly bilim we sanly ykdysadyýet ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ilatyň bilim, ýaşaýyş derejesini ýokary götermekde giň mümkinçilige eýedir.
Sanly bilim ulgamy – häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ynsanyýet üçin döredýän çäksiz mümkinçilikleriniň we oňyn şertleriniň esasynda bütindünýä jemgyýetçiliginiň şu günki ýaş nesilleriniň zehin taýdan özgerişine, aňyýet babatda ösüşine täsir edýän döwrebap tälim usulydyr. Bu usulda dürli ugurlardan hünär bilimini almaklyk üçin döredilen her hili programmalar, wideorolikler ýaşlaryň zehiniň özgermegine, öwredilýän sanly mowzugy diýseň aňsatlyk bilen kabul edip, aňyýetinde örän tiz özleşdirmegine ýardam edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi, daýanjy bolan ýaş nesliň zehinini artdyrmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Bu gazanylan üstünlikler ýurdumyzda sanly ulgamyň ýeten sepgitleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Atageldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Arifa MÄMMEDOWA.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29-njy sentýabrda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.