JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY: MILLI-RUHY ESASLY BINÝAT
21-05-25
Adam hukuklary barada dürli garaýyşlaryň bar. Çünki adam hukugy düşünjesi köplenç halatda şertli ýagdaýda teswirlenilip, onuň anyk mazmuny milli paýhasyň we tejribäniň gazananlarynyň esasynda kesgitlenilýär. Hut şonuň üçinem şu ýerde türkmençilik atly ýörelgäniň orny barada bellemegi dogry hasap edýäris. Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalary öz alyp barýan wagyz-nesihat çärelerinde şu aýratynlygy göz öňünde tutmak bilen, ýurduň durmuşynda raýatlaryň ornunyň pugtalanmagyna ýardam etmäge çalyşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyndan alnan jümlelere salgylanmakçy: “Sebäbi il-ulus ilki öz jemgyýetçilik kanuny – türkmençilik ýörelgesi arkaly bolan hadysa babatda öz ynsap terezisinde saldarlap netije çykarýar. Soňra resmi taýdan yglan edilen kanuny netije hem şony tassyklar”. Munuň özi jemgýetçilik kanunlarynyň ornuny has ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda milli türkmen jemgyýetiniň aýratynlyklary baradaky netijelerinde syýatsatşynaslaryň onuň raýat jemgyýetidigi baradaky aýdýanlaryna doly laýyk gelýär. Soňra resmi taýdan yglan edilen kanuny netije hem şony tassyklar”.
Adam hukuklary baradaky meseläniň anyk çözgüdini beýan etmekde hem jemgyýetçilik kadalarynyň we düzgün-tertibiniň ähmiýetine aýratyn orun degişli bolup durýar. Türkmençilik ýörelgeleri, belli bolşy ýaly, belli bir derejede adamzat hukugynyň kadalaryny hem goldaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Watany mertler beýgeldýär” atly kitabynda hem anyk beýan edilýär. Kitapda bu barada şeýle bellenýär: “Size halkymyzyň jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgelerini türkmençilikde ýaşadyp, onuň mazmunyny açmak üçin zerur bolan pikir giňişliginiň ruhy baýlygymyzdadygyny ýene belläýin” ýa-da “Adamkärçiligiň sypaýy gylyk-häsiýetleriniň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ulgamyny “türkmençilik” diýen bir sözde jemläpdir”. Görnüşi ýaly, milli çäkde kemala gelen kada-kanun, belli bir durmuş ulgamy ählumumy ykrar edilmeginiň netijesinde adamzat ähmiýetli gymmatlyga öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda türkmençiligiň adama, tebigata sypaýy gatnaşyk etmek, myhmanparazlyk, töwella etmek, göwnaçyklyk ýaly ýörelgelerini aýratyn bellenmelidir. Şulary we beýleki käbir mysallary göz öňünde tutmak bilen türkmençilik ýörelgeleriniň adamzadyň ählumumy medeniýetiniň ýörelgelerini goldaýjy we wagyz ediji bolup durýandygyny nygtamagy dogry hasap edýäris. Şu ýerde türkmençilik ýörelgeleri barada söz açmak bilen, Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň işinde bu milli ölçegiň kada-kanunlarynyň wagyz-nesihat, şol sanda gender deňligi, adam hukuklaryny goramak, milli demokratiýany ýaýbaňladyrmak ýaly wezipelerdäki orny barada bellemekçi bolýarys. Ilki bilen ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň döwrebap jemgyýetçilik orny barada hem bellenilmelidir.
1991-nji ýylyň 16-njy dekabryndan bäri hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň jemgyýetiň ösüşini we jebisligini gazanmakda bitiren we bitirýän işleri iňňän uludyr. Türkmen jemgyýetinde birleşdiriji we ugrukdyryjy syýasy gurama hökmünde hereket edýän bu partiýanyň alyp barýan işleri berkarar döwletimizde agzybirligiň hem jebisligiň höküm sürmegine, ylalaşygyň we sazlaşygyň has hem pugtalanmagyna örän oňaýly täsirini ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksyýasy ýurdumyzyň partiýa ulgamynyň köp partiýaly bolmagy üçin zerur bolan hukuk esaslaryny giňeltdi. Baş Kanunymyza laýyklykda, 2012-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we syýasy partiýalary döretmek we guramaçylyk meselelerini çözmek işi bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy.
Ýurdumyzda syýasy partiýalar hakynda Kanun kabul edilenden soň, jemgyýetde täze partiýalary döretmek meýilleri ýüze çykdy. Gysga wagtyň içinde döredilen we häzirki wagtda netijeli işleri alyp barýan Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar partiýasyny we Agrar partiýasyny muňa mysal hökmünde getirmek bolar. Bu bolsa öz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesi bolan halkyň erkine daýanýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmagyň ýoluny saýlap alandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi bolup durýar. Häzirki döwürde döwletimiziň ynsanperwerlikli syýasatyny wagyz etmekde, watançylyk hereketlerini ýaýbaňlandyrmakda, ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy däplerini dowam etmeginde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň durmuşa geçirýän baý mazmunly jemgyýetçilik çäreleriniň hyzmaty juda uludyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mähriban Watanymyzda jemgyýetçilik guramalary ýurdumyzda kuwwatly ösüşleriň rowaçlanmagynyň ugrunda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşýarlar. Bu guramalaryň işini has-da kämilleşdirmek babatdaky tagallalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň kämillik ýolundaky beýik ösüşlerinde her bir pudagyň, şol sanda hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň uly orny bardyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp geljegi aýdyň maksada barýan ilimiziň agzybirligindedir, döredijiligindedir we halkymyzyň synmaz erkindedir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.