PAÝHASA ÝUGRULAN AJAÝYP KITAP

22-02-22

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly özgertmeler bolup geçýär. Täze taryhy döwrümizdäki düýpli özgertmeler türkmen jemgyýetini täze belentliklere alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan, paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary bolsa, kalplary joşduryp, päk we halal zähmete ruhubelentlik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän hotniýetli gatnaşyklaryny dolulygy bilen açyp görkezýän «Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň çap edilendigi baradaky şatlykly habary eşidenimizde buýsanjymyz has-da goşalandy. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy günlerde çap edilen täze kitaby dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň täze kitaby Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler bir ýerde jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär. Şeýle hem, täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam eder.

Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen bu neşirde «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyçda häzirki döwrüň syýasy-diplomatik ýagdaýlarynyň nazaryýetine we tejribesine başgaça garalýandygy baradaky pikir öňe sürülýär, onda özara hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz döndermäge esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze gurallary teklip edilýär.

Şeýle-de täze neşirde sebit meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Olarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikirler öňe sürülýär. Kitapda häzirki wagtda milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Bitaraplyk meýilnamalarydyr maksatlary durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyna öwrüldi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many-mazmuny bu ugur bilen has sazlaşykly utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň täze neşirini okanyňda öňe sürülýän pikirler geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan borçdugyna düşünýärsiň. Ýurdumyzyň taryhynyň täze eýýamynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy gurşap alan özgertmeler, taryha ýaň salýan wakalar ulus ilimizde bimöçber hoşallyk duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylýan üstünlikler has-da eşretli günlere bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren döwlet Baştutanymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys! 

Kümüş HATAMOWA,

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.