MIli bilim ulgamyny ösdürmekde döwrebap tehnologiýalarynyň orny
17-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar. Döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgylaryny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri turulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär.
Ýurduň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen.Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär.
Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Görnüşi ýaly, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini dowam etdirmek üçin ýurdumyzda zerur binýat işjeň ösdürilýär. Elbetde, munuň özi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň arasynda ylma bolan höwesiň hem-de ylmy barlaglar bilen meşgullanmak isleýänleriň sanynyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Bu bolsa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Annagül ABDYRAHMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.