Ak ýollarda hasyl bolan arzuwlar

30-09-23

«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet çekýän adama uly sarpa goýýar. Yhlas bilen islendik bir işiň başyna barsaň ýetdirmejek sepgit ýok. Bu Ahmetjan Raimowyň  durmuşynda-da şeýle boldy. Ol hem beýleki bagtyýar ildeşlerimiz ýaly, “Kesbinden kemal tapan” diýilýänlerden. Ahmetjan ykbalyny sürüjilige baglap, özüniň ömrüniň manysyny ilimize döwrebap hyzmat etmekde görýär. Şonuň üçin hem ol indi otuz ýyldan gowrak bäri “Türkmenaawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň ýük awtoulag sürüjisi bolup, ak ýürekden zähmet çekýär.

Şu ýyl Ahmetjan Raimowa watan öňünde bitiren ajaýyp işleri üçin Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň berilmegi halypa sürüjiniň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu bagtyýar ildeşimiziň zähmet hem durmuş ýoly barada bilmek sizede ýakymly bolsa gerek.

Ynsan ömrüniň otuz ýyly, elbetde, az möhlet däl. Ahmetjan aga ömrüniň şonça bölegini bu ulgama bagyş eden, ýük awtoulagy bilen bagry badaşan sürüjidir. Ol awtomobil ulgamynda ençe ýyllaryň dowamynda zähmet çekip taplanan, ýaş sürüjilere görelde görkezýän halypa hökmünde tanalýar. Ahmetjan aganyň ýük ulaga sürüjiligine bolan  höwesi ony 1993-nji ýylda, 27 ýaşynyň içinde “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň gapysyndan eltdi. Gözlerinden dogumlylyk duýlup duran ýigide, eýýäm ilkinji günlerden uly ýük ulagynyň sürüjiligini ynandylar. Bu ynamy ödemegi berk ýüregine düwen ýaş sürüji ýakyn wagtda   dolandyrýan ulagyny abat we arassa saklamakda, ýol hereketiniň kadalyryny doly we dogry berjaý etmekde beýleki kärdeşlerine görelde boldy.

Eýýäm 57 ýaşy arka atan Ahmetjan aga häzir hem ýük ulagyny dolandyrmakda ýaşlardan öňürdäýmese, peslär ýaly däl. Ýyllar bilen topalanan tejribe, öz hünärine bolan çäksiz hormat söýgi ony halypalyga ýetirdi. Ol mydama şägirtlerine “Dolandyrýanyň uly ýük ulagy bolsa onuň uzak ýolda döwüleri bolýar, tekeriniň ýel goýbermesi bolýar garaz, azaby az däl. Şeýle pursatlarda aljyraman, kimdir birini günäkärlemen ulagyňy täzeden bejerip, alyp barýan ýüküňi öz wagtynda hökman eltmegi öz öňüňde baş maksat edip goýmaly” diýip sargyt edýär.

Hawa, biregne 30 ýyllap yhlasly zähmet çeken halypanyň durmuşynda şu ýylyň güýzi beýlekilerden has ýatdagalyjy boldy. Çünki, bütin ömrüni bir käre bagyşlan Ahmetjan Raimow hem, birnäçe kärdeşleri bilen bir hatarda Şa serpaýyna mynasyp boldy. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp bolan halypa, bu pursady “Arkadagly Serdarymyzyň ynamyna mynasyp bolandygyma çäksiz buýsandym”, “Çeken zähmetime döwletimiziň beren ýokary bahasy” ýaly söler bilen ýatlaýar. Bütin ömür halallyk bilen öz zähmetini ykbala öwüren halypanyň, çekýän zähmetine döwlet tarapyndan mynasyp sarpa goýulandygy üçin hormatly Prezidentimize alkyşy çäksiz. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly toýunda il-ýurt bähbitli bitiren işleri üçin Şa serpaýyna eýe bolan sürüjiniň öz kärine bolan hormaty has-da artyp, işlemäge bolan höwesi ruhuny belende göterýär.

Halypa sürüjiniň zähmet ýoly baradaky ýakymly ýatlamalaryny, gürrüňlerini dykgat bilen diňläp oturşymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna ak ýol açyp, oňa täze, döwrebap röwüş beren hormatly Prezidentimize buýsanjyň ýene bir ýola kalbyňa dolýar. Ýadygär gelnejemiz bilen sylag-hormatly maşgalabaşy hökmünde tanalýan Ahmetjan aganyň hormatly Prezidentimiziň eýe eden eşretli eýýamynda ýurdumyzda zähmet adamsy baradaky aladanyň döwlet derejesine çykýanlygyndan hem göwni diýseň hoş. Bu işleriň sakasynda duran we ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza bu günki gün tutuş dünýä guwanýar, alkyşlaýar. Il alkyşy bolsa altyna deňelýär. Goý, hoş  arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

16a8fe294a971b.jpeg
Türkmenistanda 1-nji sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy badalga alar. Bu çäre esaslandyrylan gününden bäri eýýäm on ikinji gezek geçiriler.


16a8fdace185db.jpeg
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär

Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär.


16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.