Ýaşlaryň ýüreklerine möhürlenen okuw sapagy

10-10-23

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi hem taryhy gymmata eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagy hakydamyzda hemişelik galar.

Taryhymyzda öçmez yz goýan şahsyýetlerimiziň döredijilik mekdebi, sargytlary, sapaklary nusgalyk görelde bolup, ýaş nesilleriň durmuş ýollaryna ýagty nur çaýýar. Täze başlangyçlary öňe sürmek, döretmek, gurmak, parahatçylyk ýörelgelerini halkara giňişliginde ýaýbaňlandyrmak geçmişine buýsanjy bolan, ata-baba ýörelgelerine ygrarly, eziz Watanyny jany-teni bilen söýýän nesillere başardýar. Hut şol sebäpli hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýeti bardyr. Bu umumy sapagyň sebitiň ilkinji «akylly» megataslamasy bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirilmegi hem özboluşly mana eýedir. Munuň özi gysga döwürde täze, ajaýyp şäheri gurmaga ukyply döwletimiziň, agzybir halkymyzyň beýik geljegi döretmäge ukyply nesilleri ýetişdirmek baradaky aladalarynyň çuňňur binýada esaslanýandygyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan ynsanperwerlik, watansöýüjilik pikirleri, döwletimiziň Garaşsyz ösüşi, Bitaraplygyň mazmuny, ýurduň ykdysady galkynyşy we maksatnamalaýyn ösüşiň beýanlary, döwür hem geljek dogrusyndaky ylmy garaýyşlar, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiziň ugurlary, nesil terbiýesiniň özeni hasaplanýan, parasatly ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgelerimiz eriş-argaç bolup geçýär.

Ýaşlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny, täze talaplara taýýarlykly bolmaklaryny, täze tutumlara badalga bermegi başarmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmak beýik jemgyýetçilik wezipesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen duşuşygy, ýaşlara eden sargytlary hem şol beýik maksatdan ugur alýar. Bu sargytlar ösüp gelýän ýaş nesliň ýagşyny-ýamany saýgarmagynda, adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda gymmatly durmuş mekdebi, nesil terbiýesiniň özeni bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda öňe süren täze taglymatlary, öwüt-ündewleri halkymyzyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini we sungatyny öwrenmek, olary dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak işinde, ýaşlaryň durmuşynda gymmatly gollanma öwrüler.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna hemmetaraplaýyn görelde görkezýän Milli Liderimiz geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň mukaddesligi, Bitaraplygymyzyň sarsmaz binýady, milli baýramlarymyz we senelerimiz, nesil terbiýesi barada taryhy we çuň manyly çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyna ýaşlaryň ýüzlerçesine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigini bellemek ýakymlydyr. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň bu okuw sapagyndaky çykyşyny Watan habarlar gepleşigi arkaly diňlänimizde şöhratly taryhymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna we şu günümize bolan buýsanjymyz artdy. Milli Liderimiziň çuň manyly çykyşy bagtyýar ýaşlarymyzy her bir pursatda beýik menzillere ruhlandyrjakdygy şübhesizdir. Biz ýaşlaryň eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşamagymyz, hünär öwrenmegimiz, kämilleşmegimiz, beýik işlere goşant goşmagymyz babatynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bimöçber alkyşlarymyzy aýdýarys. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar ýaşlary Arkadagly Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Goý, arzuwlaryň hasyl bolýan Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly Watanymyzda ýaşlaryň ykbaly gülläp, gül açsyn!

 Muhammetjelil ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.