«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda - tehnologiýa döwrüne emeli aň we täze IT çözgütlerini ornaşdyrmak meselelerine garaldy
13-10-23
2023-nji ýylyň 12-13-nji oktýabry aralygynda Sanly ulgamy we emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirleri we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi.
Ýokary derejeli foruma 30-dan gowrak ýurduň 20000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýeti gatnaşdy.
Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, öz çykyşynda soňky ýyllarda forumyň Merkezi Aziýada IT pudagynyň ösüşiniň soňky tendensiýalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň uly platforma öwrülendigini aýtdy.
Iki günlik forumyň çäklerinde çykyşlar hususan-da, önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlylaşdyrylmak arkaly tizlik, ýokary hil we amatlylyk gazanmak, ilatyň, işewürligiň we döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, emeli aňy ösdürmek we ony köp ugurlara ornaşdyrmak, IT pudagyny ösdürmek, döwrebap pikirli IT hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlandy.
Forumda gurnalan 200-den gowrak sergi zolagynda we IT - mekdepleriň sergisinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usullary öwrenildi.
«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynyň esasy maksady tejribe alyşmak nukdaýnazardan, özara peýdaly täze işewür hyzmatdaşlyk üçin sebitdäki IT çözgütlerini görkezmek, sanly ulgamy ösdürmek we pudaklara ornaşdyrmak arkaly hyzmatlara we harytlara bolan elýeterliligiň tiz we ýeňil bolmagyna täze mümkinçilikleri açmakdyr.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitiniň arasyndaky ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “U.F.E. Shipping” kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýyldaky Işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” habar berýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.