«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

16-10-23

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagyztan Respublikasynyň  Astana şäherinde ýokary derejeli geçirilen «Digital Bridge 2023» atly halkara forumuna 30-dan gowrak ýurduň 20 000-den gowrak ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, forumyň esasy maksadyny nygtamak bilen, innowasion ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak babatynda öňde goýlan wezipeler barada söz sözledi.

Forumyň umumy mejlisine TikTok kompaniýasynyň baş direktory Şou Çu, «Digital Nomads» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, ICPC gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Uilýam Pauçer, “SpaceX” -iň “Starlink” boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda, birnäçe tegelek stol we duşuşyklar geçirilip, duşuşyklarda ösen tehnologiýalara aýratyn ünsi çekildi. Ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegi üçin IT hünärmenleriň täze pikirlerini ähli pudaklara üstünlikli ornaşdyrmak, geljegi uly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Şol duşuşyklaryň çäklerinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmentelekom» EAK-nyň Baş direktory Hojanyýaz Awganow bilen Gazagyztan Respublikasynyň «Innowasiýa, aerokosmiki we sanly ulgamy ösdürmek» boýunça ministri Musin Batyrbekuly we «Kazahtelekom» PJ-niň ýolbaşçysynyň  arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda hususanda, sanly ulgamy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler we halkara birikmelerine birleşýän üstaşyr aragatnaşyk geçirijileriniň sebitara bähbitleri we mümkinçilikleri barada giňişleýin durlup geçildi we bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrma gyzyklanma bildirildi.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16ae0305d3e285.png
Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitiniň arasyndaky ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16ae02f4d5088e.jpeg
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “U.F.E. Shipping” kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýyldaky Işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” habar berýär.


16ae033980b5ba.jpeg
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.


16ae0365bbf38a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


16adee1903de9c.jpeg
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.