Bilim — rowaçlygyň binýady

06-01-26

Dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini özüne siňdiren häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda bilim ulgamy ilkinji orny eýeleýär. Bilim döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy çeşmesidir. Dünýäniň ösen döwletleri ykdysadyýet bilen bir hatarda, bilimi ösdürmek üçin bu pudaga ummasyz derejede maýa goýumyny goýýarlar. XXI asyrda bilim, ylym, tehnologiýa, medeni we innowasion ösüşde esasy üns diňe adam we onuň gymmatlyklarynda jemlenendir, çünki bilim we medeniýet näçe ýokary derejede ösüşe eýe bolsa, şonça-da ýurtda adamlaryň aňyýetine tiz ýakynlaşylýar. Häzirki zaman biliminiň esasy wezipesi döwletde adamyň aňyýetini barha kämilleşdirmekden ybarat bolsa, global derejede diňe adamlaryň gymmatlyklarynyň goralmagyna we dünýäde islendik tebigy ýa-da beýleki wehimleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejesinde bilimi kämilleşdirmekde birnäçe konwensiýalar, ylalaşyklar kabul edilýär. Bilimiň islendik ugry boýunça ýörite maksatnamalar, halkara standartlar hereket edýär. Halkara hukugynda bilim-terbiýeçilik işlerinde esasy maksat bilimiň hemmetaraplaýyn ugra gönükdirilmegi, ýurtlaryň milli bilim maksatnamalarynda esasy ynsanperwer bilimleri bolan medeniýet, taryh, sungat ýaly ugurlaryň öwredilmegi, bilimiň üznüksizligi, onuň bahalandyrylmagy, mugallymlaryň we hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlygy häzirki zaman bilim ulgamynyň esasy ugurlarydyr.

Bilim ulgamy diňe döwlet möçberinde goldaw berlen ýagdaýynda uly ösüşe eýe bolýandyr. Hut şonuň üçin hem dürli döwletler, hususan-da, Türkmenistan öz milli bilim syýasatynda bilimi goldamak bilen, onuň ösüşini üpjün edýär.

Häzirki günde Türkmenistany özgertmegiň baş şerti hökmünde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek hem döwletiň esasy wezipesidir. Şu nukdaýnazardan hem milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet gurmak, dolandyrmak we ösdürmek baradaky taglymatynda esasy orun innowasiýalara esaslanan ykdysadyýetlere berilýär, sebäbi aýratyn ýurduň halk hojalyk toplumynyň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ylmyň täze ugurlarynyň, ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň, nazary, amaly ylymlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň ösmegi gönüden-göni täsir edýär. 

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün dünýäde batly depginler bilen ösýän ýurt hökmünde özüni tanatdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetdi. Watanymyzyň geljekde hem at-abraýynyň belent derejelere göterilmegi bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen baglanyşyklydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär, ýaşlaryň alýan biliminiň kämil we döwrebap bolmagyny esasy üns merkezinde saklaýar. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, okadylyşyň milli esasda alnyp barylmagy we dünýäniň ösen döwletleriniň okuw maksatnamalaryna kybap derejede kämilleşdirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan birnäçe mümkinçilikler döredilýär.

Alnyp barylýan işleriň hatarynda, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenilip taýýarlanylan täze maksatnamalar girizilýär. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň sany artdyrylýar. «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda elektron bilim ulgamyny ösdürmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi giňişleýin alnyp barylýar.

Her bir täzeçilligiň durmuşyň ösmegindäki wajyplygyny nazara alanyňda, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň geriminiň näderejede uludygyna göz ýetirmek bolýar. Bu babatda sanly bilim ulgamyna geçilmeginiň ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi diňe bir mekdep okuwçylarydyr ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem, olara bilim berýän mugallymlar üçin hem amatlyklary we ýeňillikleri döredýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen mugallymlarda sapagy uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi döreýär. Dünýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ylmy işleri, ol ýa-da beýleki ugruň şahamçalary bilen tanyşmak, sanly ulgam arkaly sapak bermek bu günki gün adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem geljekki ösüşleriň güwäsidir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hut şol sebäpli hem ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn uly üns berilýär, çünki ýurtda ylym-bilimiň ösdürilmegi ilkinji nobatda döwleti ösüşlere tarap özgertmegiň baş wezipesi bolup dursa, ikinji tarapdan, ylym-bilimiň kämilleşdirilmeginiň geljekde döwleti gülletjek ýaş nesli — milli ruhda terbiýelenen döwrebap ýaşlary ýetişdirmekde zerur ähmiýetiniň bardygy bilen aňladylýar.

Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.