Garaşsyz Watanymyzyň ylym-bilim ulgamy

10-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýaş alymlar wajyp ugurlar boýunça ylmy-barlag, gözleg-taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Bu işde sanlylaşdyrylan serişdelerden giňden peýdalanylýar. Olar arkaly ýaşlar alan bilimlerini we ylmy başlangyçlaryny düýpli özleşdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine gönükdirilen taslamalary işläp düzýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.

Her ýylda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy işleriniň netijelerini ýüze çykarmak, jemgyýetçilik durmuşynda peýdalanmak, önümçilige ornaşdyrmak we olaryň yhlasly zähmetini höweslendirmek maksady bilen, ylmy işler boýunça bäsleşikleriň, ylmy taslamalaryň sergileriniň geçirilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi beýik akyldarlaryň, dünýä ady dolan alymlaryň, ylmyň hem ösen medeniýetiň ojagy bolan Watanymyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kämilleşýändigini, olaryň asylly maksatly, netijeli çözgütli işleriniň öňe ilerleýändigini, ylmy gadamlarynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alan kanuny we hukuk binýady berk bolan milli ylmyň ösdürilmeginiň çäklerinde ýaş alymlaryň sanynyň artmagy, olaryň oýlap tapyşlarynyň, ylmy seljermeleriniň internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde netijeli görkezijilere eýe bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýaş alymlaryň halkara ylym giňişliginde mynasyp orunlaryny tapmaklary we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmaklary bolsa ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň höweslerini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmäge, täze tejribehanalarda önümçilik synaglaryny geçirmäge ýokary ähmiýet berilýär. Şeýle-de, ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça kabul edilýän täze döwlet Maksatnamalarynda şunuň bilen bagly wezipeleriň wajypdygy bellenilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda ýaşlar baradaky syýasatyň Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda hem görmek bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş alymlara ak ýollary açýan we beýik işleri bilen türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.