Arkadag Serdarly ýaşlarymyz ähli ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirýärler
26-12-23
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar – döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji.
Giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýan ýaşlar, döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimlerini artdyryp, zähmet çekýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Arkadag şäherinde sanly ulgamlary we programmalary, döwrebap çözgütlerini gurnamak işlerine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.
Programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, Startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan her ýylda «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirip, ony «Türkmentel» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlemek agentligiň asylly däbine öwrüldi.
2020-nji ýyldan bäri her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşigine, häzirki wagta çenli ýaş programmistler tarapyndan 1000-lerçe IT taslamalar hödürlendi. 2022-nji ýylda bäsleşige ýaş höwesjeňleriň 250-ä golaýy gatnaşan bolsa, bu ýyl 320-ä golaý ýaşlar öz innowasion taslamalary bilen bäsleşige gatnaşdylar.
Her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşiginiň baş maksady, adam durmuşyny aňsatlaşdyrmak üçin tehnologiýalary yzygiderli ösdürmekden hem-de şol kämil we çylşyrymly tehnologiýalardan peýdalanyp, täze sanlylaşdyrylan döwri kemala getirmekden ybaratdyr.
Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça ygtyýarly edara diýlip tassyklanan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bolan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlar.
«Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti dürli pudak edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanşykly sargytlaryny kabul edip, olary taýýarlamak işlerini düzümindäki dahyllar bilen şertnama arkaly ýerine ýetirýärler. Programma önümi döredilenden soň, Maglumat tehnologiýalar bölümi tarapyndan bu programma üpjünçiliginiň keberhowplara durnuklylygy kesgitlenýär we resmileşdirilýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde öz goşandyny goşýar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaş nesliň ukyp-başarnygynyň köptaraplaýyn açylan, olara özüni görkezmäge giň mümkinçilikleriň döredilen ýyly boldy. Bagtyýar ýaşlar bolsa ýurdumyzda kämilleşmek babatynda döredilip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlaryny hasyl edýärler.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň, Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň ýaşlary hem ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, tehnologiýa we medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, Ata-Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda alnyp barylýan işlere mynasyp goşan goşýarlar. Olardan:
«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher bölümi, Ulgamy meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy Ussaýew Baýmuhammet:
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi, ýene şol ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen onlaýn halkara ylmy maslahatynda 1-nji dereje diplomyň eýesi boldy we 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Nuryýew Azym:
2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça geçirilen döwlet bäsleşiginiň 3-nji baýrakly ornuna mynasyp boldy.
Şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gurbanowa Güljemal:
2023-nji ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar»atly bäsleşiginde 2-nji baýrakly orna, şeýle hem şu ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky Agentliklerde zähmet çekýän gelin-gyzlarynyň arasynda «Hünärim bar - hormatym bar» atly geçirilen bäsleşiginde höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözleri, aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenlerini ýokary hilli, elýeterli we özboluşly täze sanly çözgütleri işläp düzmäge hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Ýaşlar üçin uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Goý, biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy
“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda adam hukuklaryna hormat goýulmagyna, erkekler bilen zenanlaryň deňhukuklylygyna, ählumumy howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ygrarlydygymyzy tassyklap,
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.