Halal zähmet – ýeňişli ýollara badalga
28-12-23
Ýaşlykdan öz ukyp başarnygyňa görä hünär saýlamak, her bir adamyň durmuşynda örän möhüm meseleleriň biri bolýar. Saýlap alan hünäriň boýunça yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmek bolsa öz miwesini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlarymyzyň köpugurly bilim almaklary, ylmy gözlegler bilen meşgullanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Ata-Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda aragatnaşyk pudagynda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekýändigini bellemek ýerlikli bolar. Ýurdumyzda kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, zähmet çekmegi, kämilleşmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Men, Kerim Muhammetdurdyýew. 1992-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky geňeşliginde doglan. Orta mekdebini tamamlanymdan soň, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň «Telekommunikasiýada maglumat goragy» hünäri boýunça ýokary bilim aldym. 2018-nji ýyldan bäri “Marytelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýärin.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi. Ösüşlerden-ösüşlere we belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ulag-kommunikasiýa pudagynyň üstünliklerini beýan edýän, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty we köpugurly sergisi meniň ýadymdan çykmajak, buýsandyryjy dabaralaryň birine öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly toparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Men hem şol dabarada, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldum.
Hünär saýlamak, saýlan söýgüli käriň eşretini görüp, ondan kanagatlanma almak, ony özleşdirmek we jemgyýetde mynasyp orun eýelemek, Ata-Watanymyzda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp işlemek, döretmek uly bagt we mertebedir.
Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary bolup, biz hem geljekde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirip, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipeleriniň hilini ýokarlandyrmak işlerini güýçli depginde dowam ederis. Edep-terbiýeli, ata Watana, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar bolup gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekeris.
Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!
Ýaşlar üçin uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Goý, biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn! Täze 2024-nji ýyl täze üstünliklere badalga bolup, beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Kerim MUHAMMETDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.
Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitiniň arasyndaky ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “U.F.E. Shipping” kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýyldaky Işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” habar berýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.