BILIM — ÜSTÜNLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

15-09-24

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär, ylym öwrenmegi, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana halkymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde eziz Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze, 2024 — 2025-nji okuw ýyly başlandy. Ynsan ömründe ýatdan çykmajak şatlykly pursatlar, günler az bolmaýar. Megerem, mukaddes bilim ojagy bolan mekdebe ilkinji gezek gadam basylyp, bilimler dünýäsiniň gapysynyň giňden açylan güni hem her bir ynsan üçin şeýle pursatlaryň biri bolsa gerek. Garaşsyz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bagtyýar neslimiz ýene-de ak mekdepleriň gujagyna dodular. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpejelere, şeýle-de talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlara ol gün ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyş etdi.

«Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem Garaşsyzlygymyzyň berkararlygyny, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys» diýýän Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada uly aladalar edýär. Gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän bir-birinden owadan arhitektorlyk gurluşy boýunça gözel okuw mekdeplerimiz ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, kuwwatly nesiller bolmagynda uly mümkinçiliklerdir.

Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini, tebigata, Watanymyza, taryhymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen, internet arkaly dürli dersler boýunça onlaýn bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim ulgamynda gazanýan döredijilik üstünlikleriniň örüsini giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky tagallalary rowaçlanýar. Şu pursatdan peýdalanyp, berkarar Watanymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen eşretli geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Dawut DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.