SANLY BILIM ULGAMY – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
07-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň taryhynda ajaýyp eýýam boldy. Ol halkymyzyň durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýýan beýik işlere, gazanylýan uly üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere beslenýär. Bu ajaýyp döwrümiz halkymyza bagtyýarlygy, Watanymyzyň geljegi bolan körpelere, mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara bolsa bilim sahawatyny eçilýär. Döwrümiziň bilim sahawaty — munuň özi, ilkinji nobatda, döwrebap bilim almak üçin häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim edaralarynda terbiýelenmek, bilim almak, hünär öwrenmek diýmekdir.
Her ýyl bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurulýar. Bilim ojaklarynyň häzirki zamanyň kämil enjamlary, multimedia serişdeleri, şeýle hem okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi bilim-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramaga, öňde goýlan maksada ýetmäge mümkinçilik döredýär.
Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde özara tejribe alyşmak maksady bilen bellibir aralykdan sapak bermek, onlaýn wideosapaklar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.
Bilim kämilligiň binýadydyr. Bilimli nesli kemala getirmek häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda öňe çykarylar. Şeýle hem bu babatdaky wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler durmuşa ornaşdyrylýar, bilim işgärleriniň hünär ussatlygy ýokarlandyrylýar. Mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilişi ýaly, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň bilimleri ele almaklary, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli şertler üpjün edilýär. Şonuň netijesinde olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edýärler.
Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň artmagy, daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy milli bilim ulgamynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamynyň kämilleşmeginde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi örän möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy milli we halkara ölçeglere, häzirki talaplara kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir. Şunda aýratyn üns çekmeli zatlaryň biri hem, internet hyzmatlarydyr. Bu gün internet hyzmatlarynyň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça üznüksiz bilim almaga, islendik aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga höweslendirýär. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetiň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn nygtaýar.
Bularyň hemmesi ýaşlar barada edilýän aladalaryň subutnamasydyr. Hut şonuň üçin bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Ýurdumyzy, şol sanda bilim ulgamyny ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.