Ýurdumyzda bilim özgertmeleri

19-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu wajyp wezipäniň çözgüdi öňi bilen ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryna daýanýan innowasion ýola geçmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmek bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň özeni bolup durýar.

Her bir raýatyň intellektual derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Çünki amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistanda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýetişdirilmegine bagly bolup durýar.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda bu ugurda zerur ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertleriniň döredilýändigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat berkden tutuldy. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak babatda bitirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda umumy bilim ölçegleriniň talaplaryna gabat gelýän ýüzlerçe okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär.

Bilim dünýäsine aralaşmak, bilimleri düýpli özleşdirmek orta mekdepden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli dowam etdirilýär we şol ýerlerde geljekki alymlaryň, ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine höwesi kemala gelýär. Daşary ýurtlar bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda gazanylan döwletara ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde bilim edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, jogapkär işgärlerinden ybarat wekilçilikli toparlaryň ikitaraplaýyn iş saparlarynyň guralmagy uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli çäreleriň biri hökmünde ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň tejribe alyşmak, hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek maksady bilen daşary ýurtlaryň belli ylym-bilim merkezlerindäki kämilleşdiriş okuwlaryna iberilmegine uly üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalarynyň netijesinde bitirilen beýik işler, ýagny ýaşlarymyzyň döwrebap bilimlere eýe bolup, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda ähmiýeti örän ýokarydyr. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Gülnar ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.