Bilimli nesil — kuwwatly Watan

10-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan tutumly işleri kalbyňy buýsanja gaplaýar. “Bilimli nesil — kuwwatly Watan” şygarynyň ýörgünli bolmagy bilen, ýurdumyzda terbiýe mekdepden başlanýar diýen berk düşünjä eýerilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyny gazanmak baradaky taýsyz tagallalar turuwbaşdan ruhlandyryjy miwesini eçildi. Şol taryhy pursatlardan başlap, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky ähli aladalary ylym-bilimden paýly türkmen ýaşlaryna ruhubelentlik paýlaýar.

Elbetde, munuň özi hakykatdan hem şeýle. Adam dünýä inip, ese-boýa galansoň, onuň öňünde uly durmuşa bolan ilkinji ädim dur. Şol mukaddes ädim hem mekdepden başlanýar. Mekdep bize bilim-terbiýe berýär. Şeýle bolansoň, mekdep, mugallym biziň her birimiz üçin hemişe mukaddes ýatlama bolup galýar.

Häzirki döwürde ýaş nesle berilýän üns has hem güýçlendi. “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip, nygtaýan hormatly Prezidentimiz ýaş nesle biziň eziz Diýarymyzyň geljegi hökmünde garaýar. Bu bolsa bizi juda buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýiti zehininden syzylyp çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş kadalaryna ygrarlylygy täze taryhy zamananyň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny ýaşlara sowgat etmegi bolsa ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini ýene bir gez belende galdyrdy. Döwrebap aň-düşünjeli ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzyň aýdyň geljegini şöhlelendirýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek ugrunda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigi hormatly Prezidentimiziň golaýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigi barada berlen hasabatda öz beýanyny tapdy. Hasabatda dürli ugurlar boýunça talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegiň, hususan-da, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada hem aýdyldy.

Eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän, onuň geljegi üçin bimöçber işleri alyp barýan we ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Gülzar GAIPOWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.