Ýaşlaryň bilimli we kämil bolmagy uly güýçdür

17-12-25

Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýen sözleri bolsa biziň ganatly kalbymyzy göge göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlary ýola goýuldy. Bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Medeni zolakdan uzak ýerlere işe iberilýän maşgalaly hünärmenler ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan bölüm hereket edýär. Türkmenistanyň Mejlisinde bu ugurda ýörite komitet iş alyp barýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli derejedäki okuw mekdeplerinde guralýan sapaklar we jemgyýetçilik işleri arkaly ýaşlaryň raýatlyk medeniýetini kemala getirmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Ýurduň ýaş raýatlarynyň bilimliliginiň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak wezipesiniň wajyplygynyň artýandygyny bellemek gerek. Olaryň dürli pudaklara innowasion taslamalary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga, düýbünden täze bilimleri we pikirleri özleşdirmäge has uýgunlaşan derejede, döredijilik güýçlerine we başlangyçlaryna eýe bolmagy üçin döwlet möhüm şertleri döredýär. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň milli ýollary bilen kämil medeniýetli nesli kemala getirýäris.

Durmuşa, öz-özüňe, jemgyýetiň öňündäki borjuňa jogapkärçiligi terbiýelemek ösen ahlak duýgusynyň ölçegi hasaplanylýar. Raýatyň jogapkärçiligi, jemgyýete we öz-özüne bolan gatnaşygy, akyl ýetirilen hajatlar we nusgalar, hukuk we ahlak kadalary, jemgyýetçilik artykmaçlyklary we demokratik gymmatlyklar adamyň durmuşda özüni alyp barşynyň ugruny kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan nesilleriň döwrümize we döwletimize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler we zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Bu tagallalar bolsa hakyky manysynda oňat netijelerini berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty şahsyýetiň ruhy-ahlak ösüşine, watançylyk we ahlak-etiki häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynda umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagy kemala getirsek, olaryň durnukly ösüşine kuwwatly itergi bereris. Terbiýeçilik işiniň özeni ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen okuw işlerinde halkara tejribesi we ylmyň häzirki zaman gazananlary ulanylýar. Okuwlaryň mazmuny medeniýetde, ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we ýokary tehnologiýalarda gazanylýan üstünlikler bilen baýlaşdyrylýar.

Watana söýgi, raýatlyk borjuňa wepalylyk, ahlak-etiki gymmatlyklara hormat goýmak, milli mirasyňy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaşlaryň geljege bolan ynamyny artdyrýar. Onuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da ýokarlanýar. Öz ata ýurduňy bilimiň, döredijiligiň, zähmetiň bilen kuwwatlandyrmak ýokary borçdur. Watançylygyň çuň kökleri biziň jemgyýetçilik gurluşymyzda jemlenendir. Munuň özi milli ýörelgelerimizde, ynsanperwer gatnaşyklarymyzda adamlara we ata Watana gulluk etmekde ýüze çykýar.

Şu ýerde ösüp gelýän ýaş nesli milli däp-dessurlara, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly, döredijilik we ruhy gatnaşyklaryň berkemegine Türkmenistanda geçirilýän köp sanly çagalar we ýaşlar bäsleşikleriniň, halkara maslahatlarynyň, folklor festiwallarynyň ýardam edýändigini belläp geçmek gerek. Bu çäreler türkmen ýaşlarynyň medeni ulgamda ornuny açyp görkezmek bilen, olaryň döredijilik derejesini hem aýdyň äşgär edýär. Munuň özi dünýäniň döwrebap medeniýetini milli ruhda özleşdirmekde we türkmen ýaşlarynyň dünýägaraýşyny özgertmekde möhümdir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu aýdylanlar ýaşlar baradaky aladanyň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezýär. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek üçin gije-gündiz tagalla edýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.