Sanly bilimiň giň mümkinçilikleri

19-12-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, olaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, dünýä ylmynyň gazananlaryny — öňdebaryjy interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalaryny bu ulgama giňden ornaşdyrmak, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynda okamagyny gazanmak, täze ýokary okuw mekdeplerini açmak, okuw meýilnamalaryna täze hünärleri girizmek, hünärmenleri taýýarlamak işine täzeçe usullary ornaşdyrmak ýaly işler bilim ulgamynyň ösüşine şaýatlyk edýär.

Bu döwletli işleriň ähmiýeti, gymmaty milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, kabul edilýän milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyndan gelip çykýar. Häzirki bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde döredijilik hyjuwly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň, häzirki zaman bilimlerini doly ele alan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelýändigini görmek bolýar.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde özara tejribe alyşmak maksady bilen bellibir aralykdan sapak bermek, onlaýn wideosapaklar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy milli we halkara ölçeglere, häzirki talaplara kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir. Şunda aýratyn üns çekmeli zatlaryň biri hem, internet hyzmatlarydyr. Bu gün internet hyzmatlarynyň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça üznüksiz bilim almaga, islendik aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga höweslendirýär. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetiň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn nygtaýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek hem-de ýaş nesil barada edýän bimöçber aladalary we taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

1694e2dd9f1490.jpeg
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR

Mälim bolşy ýaly, Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­ründe­ beý­le­ki­ ul­gam­lar ­bi­len ­bir ­ha­tar­da,­ ylym-bi­lim ­ul­ga­my hem ­ösüş­ler­den-ösüş­le­re, ­öňe ­gi­diş­lik­le­re ­bes­len­ýär.­Ýaş­ nes­li­mi­ziň ­be­den ­we­ ru­hy ­taý­dan ­has­ kä­mil bol­ma­gy ­üçin köp­ iş­ler­ ama­la­ aşy­ryl­ýar.


1694a2c3ba155b.jpeg
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.


1694a2b572d7f3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.


16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.