Täze awtobuslar ýolagçylaryň hyzmatynda

14-03-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa innowasion tehnologiýalary sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň saparyna gabatlanyp, Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem-de Lebap welaýatynyň ilatyna hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy şu günki wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Gadymy Lebabyň bereketli topragynda il-ýurt bähbitli işlere başlangyç berýän hormatly Prezidentimiziň sapary gününde gowulyklaryň sakasy çözlen ýaly boldy. Edil şol gün ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-den gowragy sowgat hökmünde gowşuryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýerine ýetirilýän şeýle işler awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Awtobuslaryň garşylanyş dabarasynda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmeklige berýän bimöçber goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan täze ýolagçy awtobuslary asylly däplerimize eýerilip, kümüş saçly mährem eneler, awtobuslara sünnälenip örülen alajany dakdylar, un sepdiler we üzärlik tütetdiler hem-de olaryň uzak wagtlap halkymyza hyzmat etmegini arzuwladylar. Hormatly ýaşulular täze awtobuslaryň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar hem-de döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Täze awtobuslary kabul eden «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Täze ulaglar welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäher ýaka we şäher ara ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap awtobuslardyr. Şäheriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwrebap awtobuslary yzygiderli satyn alyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin pudagyň agzybir işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

16af20a236b7a2.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16af15ba052b6a.jpeg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.


16af1574d2dc38.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.


16af15e409b72f.jpeg
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.


16af156767054c.jpeg
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.