Nepis sungatyň sarpasy
10-03-25

Ösüşlere barýan eziz Diýarymyzda milli medeniýetimize, sungatymyza, şeýle hem ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize miras galan milliliklerimize aýratyn uly sarpa goýulýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri hem göreniňde synyň oturýan türkmen milli halylarydyr. Haly halkymyzyň kalbynyň guwanjy, buýsanjy. Türkmen halylaryny gören her bir adam oňa haýran galyjylyk bilen syn edýär. Halyda halkymyzyň milliligi, buýsançly geçen ýoly şöhlelenýär.
Häzirki wagtda türkmen halysy zenanyň ussatlygyndan, başarnygyndan hem-de müňýyllyklara uzaýan mirasynyň häzirki döwrüň talaplary bilen sazlaşykly ösdürilmeginiň esasynda uly ösüşlere eýe bolýar. Iňňän inçe nepislige syn saldygyňsaýy kämillik derejesiniň şeýle ýokarylygyna göz ýetirýärsiň. Haly sungaty täsinligiň, ajaýyplygyň, gözelligiň, nepisligiň çugdamy. Onda bakylygyň öçmejek ruhy ýaşaýar. Adamzadyň köňül kyssasynyň yzy üzülmeýän mukamy şondan başlanýar. Haly biziň milliligimiz, aýratynlygymyz hem mirasly medeniýetimiziň bereketli bulagy. Halyçylar türkmeniň ýüzüniň tuwagy. Olar gadymy sungatymyzy nepisligi bilen nesillere geçirjek çyn senetkärler.
Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň biri bolan halynyň waspy çeper edebiýatda-da giňden ýetirilýär. Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan nakyllaryň üsti bilen ata-babalarymyz türkmen halylary barada ajaýyp pähimleri miras galdyrypdyr.
Halyda gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň yzlaryny görmek bolýar. Dünýä jahankeşdeleriniň nazaryny özünde jemleýän halylarymyzy öwrenen alymlar özlerinde galdyran täsirlerini şu günlerde hem beýan edýärler. Türkmen halylarynyň buýsançly taryhy bar. Ýagny arheologlar Daglyk Altaýda 1949-njy ýylda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde Pazyryk halynyň üstünden barýarlar. Onuň türkmen halysydygyny anyklaýarlar. Ol biziň eýýamymyzdan ozal V asyrda dokalypdyr. Ýöne şeýle köp wagt geçse-de, gadymy haly bir durkuny saklapdyr. Alymlar üýtgemeýän şolar ýaly reňkleriň nähili oýlanyp tapylandygyna haýran galýarlar. Tebigy hadysalar bu hala zeper ýetirip bilmändir. Ýogsam, ol ýüň ýüplükden edilipdir. Düşegine sugunlaryň, bürgüt ganatly ýolbarslaryň, atlaryň şekili çitilipdir.
Halyçylar gadymy haly sungatymyzyň nusgalaryny aýap saklamak, kämilleşdirmek bilen nepis halylary dokaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokalýan halylarda halyçy suratkeşleriň hem zähmeti uludyr. Suratkeşiň hyýalyndaky sungat eseri çitimlere siňip, hala geçýär. Iň gowy, ajaýyp, nusgalyk halylar türkmen halysynyň Milli muzeýinde saklanylýar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlar, ilki bilen, ýurdumyzda bina edilen bu muzeýe aýlanyp görýärler we türkmen zenanlarynyň ussatlygyna haýran galýarlar. Türkmen halysynyň Milli muzeýine baryp, ondaky gymmatly eksponatlary synlanyňda, göwnüň göterilýär. Enelerimiziň, uýalarymyzyň sungatyna buýsanýarsyň. Dünýä meşhur Ginnesiň rekordlar kitabynda hem türkmen halysynyň ady bar. Ol haly Bäherden etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynda Garaşsyzlygymyzyň on ýyllygyna bagyşlanyp dokaldy. Bu halyny dokamaga halyçylaryň kyrk sanysy gatnaşypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyyň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleriniň hünäri bolan älemgoşar öwüşginli halylarymyzyň şan-şöhraty has-da artýar. Şunuň bilen birlikde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, ýaş nesle ýetirmekde we dünýä ýaýmakda hem uly işler edilýär. Ýyllar geçdigiçe olara täze öwüşgin çaýylýar. Bu ugurda ýetilen sepgitler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu kämil senediň ömrüni bütin dünýäde ebedileşdirdi.
Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda türkmen halysynyň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär, haly nusgalarynyň sergisi geçirilýär. Eziz Diýarymyzda türkmen halysynyň toý-dabarasy halkara derejesinde bellenilip, maslahatlar bilen utgaşýar. Oňa dürli ýurtlardan türkmen halysynyň taryhyny öwreniji alymlar, hünärmenler gatnaşýarlar.
Türkmen halysy özüniň kämilligi arkaly bütin dünýäni haýran galdyryp, häzirki wagtda ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halysynyň dünýä derejesindäki şöhratyny saklap gelýär. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň.
Biziň ata-babalarymyz: “Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýipdirler. Çaga özi üçin ýörite dokalan halyda ilkinji ädimlerini ädýär, gyzlar durmuşa çykanlarynda düýä ýükläp haly bukjalaryny alyp gidýär. Öýlenýän ýigidiň öýi-de gelni, haly bilen garşylaýar. Ony gapyda baý nagyşly haly-eňsi garşylaýar, eňsi serpikden soň, onuň öňünde bosaga ýazylan germeçden geçýär, soň ýere ýazylan äpet halynyň üstünde oturdylýar. Öýüň diwarlary haly horjunlardan, gap-gaç salynýan haly önümlerinden doly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda çeper elli dokmaçy gelin-gyzlarymyza uly sylag-sarpa goýulýar. Bagtly durmuşda ýaşaýan halkymyzy we ýurdumyzy ýagty geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Güljan HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.