YNAM. YKRAR. YKBAL

26-03-22

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji martynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Prezident saýlawlary ýokary guramaçylykda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martdaky jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi. 19-njy martda bolsa döwlet Baştutanymyzyň resmi taýdan wezipä girişmek dabarasy uly ruhubelentlikde geçirildi.

15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin alnyp barlan taýýarlyk işleri, onuň netijeleri barada jemleýji hasabat bilen giňişleýin çykyş edip, saýlawlaryň jemlerine laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, mynasyp dalaşgär halkyň uly ynamyna eýe boldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedowa halkyň ynamynyň ödelmelidigi, munuň üçin ata Watanymyza, halkymyza jan aýaman hyzmat etmelidigi barada beren öwüt-ündewleriniň ildeşlerimiziň her birinde aýratyn buýsanç duýgusyny döredendigi ikuçsuzdyr.

Täze saýlanan döwlet Baştutanymyzyň resmi taýdan wezipä girişmek dabarasy berkarar Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezen taryhy wakalaryň biri hökmünde kalbymyzda orun aldy. Şol pursatlarda dabaraly çärä gatnaşan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki begenç hem şatlyk alamatlary olaryň öz nurana geljegi üçin iň mynasyp dalaşgäre ses berendiklerine çäksiz buýsanýandyklaryny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky Kasamy, sözüň doly manysynda, syýasy we ykdysady taýdan durnukly, berk binýatly, agzybir türkmen jemgyýetiniň geljekki beýik ösüşleriniň, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty goldaýan ynsanperwerlik, döwletlilik ýörelgeleriniň dowamata ataryljakdygynyň anyk güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dabarada eden çykyşy we däp bolan beýleki çäreler hem çuňňur watançylyk ruhuna eýe bolup, onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mahlasy, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm syýasy waka bolan Prezident saýlawlary bilen bagly ähli çäreler tapgyrma-tapgyr, agzybirlikde, guramaçylykly geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişmek dabarasynyň ählihalk bag ekişligi we täzelenişiň baýramy hasaplanýan Milli bahar baýramy bilen utgaşýandygy hem uly mana eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç, mertebesiniň belent, gadamlarynyň batly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Babamyrat ANNAKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.