Paýtagtymyzda demir ýollaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýokary wekiliýetli halkara maslahatynyň işine badalga berildi
15-04-24
Şu gün, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.
Halkara çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Badalga alan ýokary wekiliýetli Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň gün tertibinde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky çykyşy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew maslahatyň işine badalga berdi. Çykyşda ýurdumyzyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada aýratyn nygtaldy.
15-19-njy aprel aralygynda geçiriljek Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň XXXVIII mejlisi ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk işlerine täze badalga berjek maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Garaşsyz Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara ulag-üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.
Mundan başga-da, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara garalar.
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.