Halkara maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäherine gezelenç etdiler
16-04-24
Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji güni başlandy. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forum paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýär.
Bu ýerde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda halkara foruma gatnaşyjylar Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Myhmanlar sanly konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasyny özünde jemleýän “akylly” şäheriň gözel ýerlerini syn etdiler. Olar bu ýerde bina edilen dürli maksatly desgalary, zamanabap äheňde gurlan ýaşaýyş jaýlaryny synladylar, ýol-ulag we ýaşaýyş infrastrukturasynda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylandygyna göz ýetirdiler.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşýan myhmanlar Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerine diýseň ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.